Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly resmä hüjüm edildi


Pakistanda premýer-ministr Nawaz Şarifiň maslahatçysyna garşy amala aşyrylan hüjümde polisiýanyň azyndan alty ofiseri öldi.

Khyber-Pakhtunkhwa welaýatynyň Şangla etrabynyň polisiýa başlygynyň beren maglumatyna görä, janyndan geçenleriň biri özüni Amer Mukamyň alyp barýan ýygnagynda partladypdyr. Mundan birnäçe sekunt soň, aralykdan dolandyrylýan partladyjy serişde hem ýaryldy.

Hüjümde Mukamyň özüne hiç zat bolmady. Ol Şarifiň “Pakistanyň Musulman geňeşi – Nawaz” partiýasynyň esasy liderleriniň biridir.
XS
SM
MD
LG