Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Partlamada 9 adam öldi


Yrakda Bagdadyň awtobus terminalynda partladylan bombada dokuz adam öldi.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, Allawi al-Hillah terminalynda bolan bu wakada başga-da 16 adam ýaralanypdyr.

Howpsuzlyk we saglyk resmileriniň berýän maglumatyna görä, partlamanyň bolan ýeriniň golaýynda, harby gulluk üçin arza beren adamlaryň bir topary öýlerine dolanmakçy bolup duran ekenler.

Penşenbe güni hem armiýa täze ýazylan adamlara garşy hüjüm amala aşyrylypdy. Şol partlamada 23 adam heläk boldy.

Hökümete garşy çykýan söweşijiler ýygy-ýygydan howpsuzlyk we harby resmilerine garşy hüjüm edýärler.
XS
SM
MD
LG