Sepleriň elýeterliligi

Şaronyň jesedi Knessetde ýerleşdirildi


Ysraýylyň ozalky premýer-ministri Ariel Şaron

Ysraýylyň ozalky premýer-ministri Ariel Şaron

Ysraýylyň ozalky premýer-ministri Ariel Şaronyň jesedi Ierusalemda, ýurduň parlamenti Knessetiň binasynda ýerleşdirildi.

Ysraýylyň ozlaky generaly we premýer-ministri şenbe güni, sekiz ýyla çeken komadan soň, aradan çykdy. Ol 85 ýaşyndady.

Duşenbe güni geçirilmeli jaýlanyş mirasymyna ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden hem gatnaşar.

Ysraýylyň ozalky we häzirki liderleri Şarony ýatlap, ýurduň telewideniýesinde çykyş etdiler.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu: “Ysraýylyň halky ozalky premýer-ministr Ariel Şaronyň hatyrasyna başyny egýär. Arik ilkinji göreşiji we gahryman komandirdi. Men onuň biziň günlerimiziň iň beýik harby liderleriniň biri bolandygyna ynanýaryn. Arik ýurduň howpsuzlygyna, onuň goranyşyna uly goşant goşupdy. Ol muny ysraýyl halkynyň özüniň ýeke-täk ýurduny öz güýçleri bilen goramalydygyna düşüneni üçin etdi. Onuň hakydasy mydama-da halkyň ýüreginde ýaşar”.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama onuň ýewreý döwleti üçin eden tagallalaryny öwdi. Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Şarony “Ysraýylyň patrioty” diýip häsiýetlendirdi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollande we Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Herman Wan Rompuý hem öz gynançlaryny bildirdiler.

Şol bir wagtda, Palestinanyň “Hamas” topary Şaronyň ölümini gowy garşylaýandyklaryny öňe sürdüler. Topar ony “jenaýatçy” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG