Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ýadro ylalaşygy işe giriziler


Eýran we dünýäniň iň täsirli alty ýurdy Tähranyň ýadro programmasy boýunça gelnen wagtlaýyn ylalaşygy 20-nji ýanwarda durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katerine Aşton taraplaryň indi BMG-niň ýadro meselelerine syn edýän Atom energiýasy boýunça halkara agentligine ýüz tutup, ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini tassyklamagy sorandygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi we Eýranyň resmileri 9-njy we 10-njy ýanwarda Ženewada duşuşyk geçirdiler we 2013-nji ýylyň noýabr aýynda baglaşylan wagtlaýyn ýadro ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi boýunça galan detallary maslahat etdiler. Ylalaşykda Tähran ýadro meselesi boýunça işleriniň aglaba bölegini çäklendirmäge, günbatar bolsa Eýran babatyndaky sanksiýalaryny gowşatmaga razy boldular.
XS
SM
MD
LG