Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek serhetdäki waka aladalanýar


Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi gyrgyz-täjik serhedinde bolan gandöküşikli çaknyşyk barada resmi aladalanma bildirdi. Ministrligiň duşenbe güni ýaýradan beýannamasynda Täjigistanyň özalky beýannamasynda şenbe günki çaknyşyklara gyrgyz tarapynyň jogapkärdigi barada aýdylmagyna “geň galma bildirildi”.

Resmileriň aýtmagyna görä, şenbe günki ok atyşykda bäş gyrgyz serhetçisi, bir polisiýa wekili şeýle-de üç täjik serhetçisi ýaralanyp, keselhana düşüpdir.

Gyrgyzystan täjik serhetçilerini granata we mina atyjy ýaraglary ulanmakda aýyplady. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi öz beýannamasynda Täjigistany ýurtlaryň özara serhedinde bolan waka ikitaraplaýyn doly derňelýänçä oňa baha bermekden saklanmaga çagyrdy.

2013-nji ýylda ýurtlaryň özara serhedinde çaknyşyklaryň ençemesi bolupdy. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky serhetler dawaly bolmagyna galýar.
XS
SM
MD
LG