Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistan: Dini at dakylan bäbeklere pul beriler


Ceçenistanda Kabul edilen täze kanuna görä, 13-nji ýanwarda doglan we Muhammet pygamberiň, onuň maşgala agzalarynyň ýa-da ýakyn 10 egindeşiniň atlary dakylan çagalaryň maşgalalaryna bir müň amerikan dollarynyň beriljekdigi aýdyldy.

Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowyň duşenbe güni yglan etmegine görä, bu pul baýragy häzirki prezidentiň kakasy, Çeçenistanyň Kreml tarapyndan goldanan öňki prezidenti Ahmad Kadyrowyň adyny göterýän fonddan tölener.

Pul baýragynyň berilmegi dünýäniň köp sünni musulmanlary tarapyndan yslam kalendarynyň üçünji aýynda bellenýän Muhammet pygamberiň doglan gününiň bellenmegine gabatlandy.

Şu ýyl bu sene 12 we 13-nji ýanwar aralygyna düşdi. Şenbe güni Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow Açhoý-Martan şäherinde täze metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG