Sepleriň elýeterliligi

12-nji ýanwarda ýurt boýunça 1881-nji ýylda we Watan ugrundaky beýleki söweşlerde wepat bolan gahrymanlaryň Hatyra güni bellendi. Hatyra gününiň esasy çäresi, adat bolşy ýaly, Gökdepe galasynda geçdi. Emma milleti jebisleşdirmegi maksat edinýän çäräniň gurnalyşynyň o diýen göwnejaý bolmandygy aýdylýar.

Ýollar ýapyldy

Adatda bolşy ýaly, paýtagtdan Gökdepä barýan ýollarda hereket çäklendirildi. Ýollar ep-esli wagt beklendem. Netijede paýtagtdan Gökdepä barmak ýa-da ondan paýtagta gaýtmak kynlaşdy. Gökdepeden çykmagyň kynlaşmagy sebäpli Aşgabadyň Teke bazarynyň golaýyndaky awtomenzilde hususy marşrut taksileriniň sany hem azaldy.

Ýörite gulluklaryň işgärleri paýtagtdan Gökdepä çenli barýan 45 kilometrlik ýoluň her 100-150 metrinde, eli rasiýaly durup, nobatçylyk etdiler. Köçeleriň we ýollaryň çatryklarynda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri durup, ýol hereketini çäklendirýärdiler.

Mundan başga-da, döwlet baştutany Gökdepe galasyndan gaýdýança, galanyň metjit we muzeý ýerleşen bölegi ýönekeý raýatlar üçin ýapyldy. Hatda Gökdepäniň awtomenzili we onuň töwerekleri hem ýapyldy.

Bu menziliň galadan ep-esli uzaklykda ýerleşýändigine hem-de onuň bilen galanyň arasynda demir ýoluň ýerleşýändigine garamazdan, adamlara şol töwereklere golaýlaşmaga ýa-da şol ýerden gala tarap ýöremäge rugsat berilmedi.

Howpsuzlyk gulluklary

Ýörite gulluklaryň işgärleri bilmezlikden şol tarapa ýönelen adamlary saklap, azgyrylyp yzyna kowýardylar. Eli rasiýaly adamlaryň zyýarata gelenler bilen gödek gürleşmekleri, olary kemsitmekleri ýaly ýagdaýlaryň öňüni hiç kim alyp bilmeýärdi.

“Goltuk jübülerindäki “knižkalaryna” daýanyp, adamlara çem gelen zady diýip durlar. Bulara häkimiýet berseň, adam sylajak däl” diýip, ýaşy 60 töwereklerindäki ýaşuly, zyýarata gelen Sapar aga aýtdy.

Çäräniň gurnalyşy boýunça ilkibaşda gala resmi çärelere gatnaşmaly edilip getirilen adamlar girmelidi. Şol sebäpden zyýarata baran adamlar günorta çenli galanyň bir çetinde gala girmek üçin nobata garaşyp durmaly boldular.

Diňe prezidentiň gatnaşmagyndaky resmi çäreler tamamlanandan soň ýönekeý raýatlar, galanyň içindäki hajathananyň ýanyndan gala girip, bassyrmalaryň aşagynda ýazylan saçaklaryň başyna geçip bildiler. Resmi çärä gatnaşanlardan soň arassalanmadyk saçaklaryň başynda oturan adamlar aýat okap, töwir galdyrýardylar.


Galanyň içinde il arasynda “tabakçylar” diýip atlandyrylýanlar hem bardylar. Eli tabakly, ”baklaşkaly” ýa-da pitili aýal-gyzlardyr, çagalar galanyň içinde 100-den hem gowrak gazanda atarylan nahardan ellerindäki gaplaryna guýduryp, öýlerine daşaýardylar.

Gökdepe galasyndaky resmi çärelerden prezidentiň gaýtmagy bilenem galanyň töwereklerindäki hereketleri çäklendirmeler aýrylmady. Diňe prezidentden gaýry ýokary wezipeli döwlet ýolbaşçylary öz "Mersedes" kysymly awtoulaglarynda çäräniň geçirilýän ýerinden çykyp gidensoňlar, awtoulag we pyýada hereketi doly dikeldildi.

“Birnäçe başlyk üçin giden bir millet kösenmeli. Halka gulluk etmeli adamlara halkyň özi gulçulyk etmeli bolýar” diýip, Sapar aga öz nägileligini bildirdi.

Ýekşenbe güni Gökdepe galasynda geçen Hatyra günündäki ýokarda agzalan ýagdaýlardyr wakalar ýylyň-ýylyna gaýtalanýar. Bu ugurda hiç hili oňyn özgerişler ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG