Sepleriň elýeterliligi

Kawkaz: Howpsuzlyk çäresi geçirilýär


Orsýetiň Demirgazyk Kawkazdaky howpsuzlyk resmileri Kabardino-Balkariýada terrora garşy režimi yglan etdiler. Berk howpsuzlyk çäreleri duşenbe güni daňdan Baksan we Kişpek atly obalarda başlandy.

Bu çäreler 11-nji ýanwarda Kişpek we Dugulubeý obalarynyň arasyndaky ýolda söweşijileriň polisiýa bölümini oka tutmagynyň yzýany başlandy. Ençeme sagatlap dowam eden ok atyşygynda howpsuzlyk güýçleriniň ofiseri ýaralandy. Söweşijiler gaçyp gutuldylar.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň generaly Sergeý Kmenny regionda başlanan berk howpsuzlyk çäreleriniň “terrorçylykly hereketleriň öňüni almak, howpsuzlyk maksatlary we söweşijileri ele salmak üçin amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Orsýetiň Howpsuzlyk gullugynyň regional edarasynyň maglumatynda howpsuzlyk çäreleriniň we çäklendirmeleriň ýörite görkezme berilýänçä dowam etdiriljekdigini aýdyldy.
XS
SM
MD
LG