Sepleriň elýeterliligi

A.Baýhanow: "Ýolbaşçy ahlak taýdan arassa bolmaly"


Türkmen resmileri hökümet maslahatynda, 19-njy iýul, 2012.

Türkmen resmileri hökümet maslahatynda, 19-njy iýul, 2012.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow golaýda ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy işgärleriniň birnäçesiniň ýerini çalyşdy, bank ýolbaşçylarynyň bolsa üçüsini, "işde goýberen kemçilikleri üçin" diýip, işden boşatdy.

Azatlyk Radiosy ýurtda ýygy-ýygydan geçirilýän kadr çalşygynyň mümkin bolan sebäpleri, bu ugurda täzeçe seredilmeli meseleler, edilmeli işler barada ozal Türkmenistanda jogapkär wezipelerde işlän Akmuhammet Baýhanow bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG