Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marihuanany kanunlaşdyrmak teklip edildi


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa ýurduň günorta böleklerinde ýabany şertlerde marihuana neşeli ösümlikleriň ösýan giňişliklerini farmaseftika derman öndüriji firmalaryň gözegçiligine bermegi teklip etdi.

Duşenbe güni ýurduň parlamentinde eden çykyşynda Dariga Nazarbaýewa soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda Gazagystanyň Gyrgyzystan bilen serhedinde ýerleşýän Çui jülgesinde ösýän ýabany marihuanany ýok etmek üçin uly mukdarda pul serişdeleriniň harçlanandygyny aýtdy.

Nazarbaýewa marihuanany ýok etmek boýunça edilýän tagallalara garamazdan, onuň pajarlap ösýändigini, şonuň üçin bu ýere halkara derman öndüriji kärhanalary goýberip, ösümlikden farmaseftika maksatlary üçin ulanmagyň has netijeli boljagyny belledi. Nazarbaýewanyň sözlerine görä, munuň bilen täze iş orunlaryny döredip, ýurduň girdejilerini artdyryp bolar.

Dariga Nazarbaýewanyň bu çykyşynyň öňüsyrasynda Gyrgyzystanly meşhur narkolog Jenişbek Nazaraliýew Çui jülgesinde ösýan marihuanany kanunlaşdyrmagy teklip etdi.
XS
SM
MD
LG