Sepleriň elýeterliligi

Korli: Din meselesinde wada köp-de, iş az


Aleksandr Newskiý kilisesi, Aşgabat, 9-njy ýanwar, 2014.

Aleksandr Newskiý kilisesi, Aşgabat, 9-njy ýanwar, 2014.

Dünýäde hristianlara ýardam berýän “Open doors”, ýagny ”Açyk gapylar” atly gurama Türkmenistany hristinalary iň köp basyşa sezewar edýän ýurtlaryň hatarynda agzady. Bu halkara gurama 2013-nji ýylda dünýäde hristianlara edilýän basyşlaryň güýçlendirilendigini aýdýar. Sanawdaky 50 ýurduň içinde Türkmenistan 20-nji ýerde ýerleşdirilipdir. Hasabatda Türkmenistanda hristianlaryň sanynyň 94 müňden gowrak adamdygy aýdylýar. Türkmenistanda bosla dini guramalaryň agzalarynyň we, umuman, dinçileriň sanyna degişli resmi maglumatlar berilmeýär.

Aktual gürrüň atly ýörite gepleşigimiziň şu günki sanynda biz Türkmenistanda hasaba alnan we alynmadyk hristian guramalary, olaryň hereket etmegi üçin bar bolan mümkinçilikler we kynçylyklar barada gürrüň ederis. Biziň şu günki söhbetdeşimiz Türkmenistandaky ýagdaýa yzygiderli syn edýän, düýbi Norwegiýada ýerleşýän “Forum-18” atly täzelikler agentliginiň baş redaktory Feliks Korli.

Azatlyk Radiosy: Feliks, sizde Türkmenistandaky hristian guramalarynyň sany, olaryň agzalarynyň sany barada maglumat barmy?

Feliks Korli: Islendik döwletde dinçileriň sanyny anyklamak kyn iş, aýratynam Türkmenistandan statistiki sanlary almak gaty kyn. Açyk öwrenmeler üçin şert ýok, adamlaryň özlerinden hem soramak mümkin däl, adamlar gorkýarlar.

Biz bu ýurtda prawoslaw ybadathanalaryň 12-siniň bardygyny, protestant akymy ýaly dürli akymlaryň bardygyny bilýäris, prawoslaw dininden başgalaryň aglabasy registrasiýasyz hereket edýärler, olar gizlenip ýygnanyşmaly bolýarlar. Köpler häkimiýetleriň basyşyndan howatyrlanýarlar. Olara haýbat atylýar, jerime salynýar we hüjüm edilýär. Dinçiler polisiýa tarapyndan yzarlanýarlar. Şeýle çylşyrymly ýagdaýlara döwlet tarapyndan halanmaýan dini toparlaryň ählisi duçar bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda hereket edýän hristian dini toparlaryň düzümi barada sizde maglumat barmy? Olaryň sany azalýarmy ýa kopelýärmi? Nämeler bolup geçýär?

Feliks Korli: Bu barada takyk maglumat ýok diýen ýaly. Sebäbi bu mesele diňe häkimiýet tarapyndan edilýän basyşlar bilen çäklenmän, emigrasiýa-da bagly bolup durýar. Türkmenistandan göçüp gidýän adamlaryň sany köp. Olaryň arasynda hristianlaram, musulmanlaram, beýleki dinleriň hem dini guramalaryň wekilleri bar. Şonuň üçin umumy ýagdaýa baha bermek kyn iş bolup galýar.

Azatlyk Radiosy: Sizde türkmenistanly dindarlar we dinçiler bilen gepleşmäge mümkinçilik barmy?

Feliks Korli: Biz Türkmenistanda dürli dinleriň wekilleri bilen mydama gepleşýäris. Adatça, biz olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary we ýüze çykýan dürli ýagdaýlar barada gürrüň edýäris. Wyždan azatlygy barada gepleşýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda hristian dinine geçýän we yz ýany ýurdy terk edýän adamlar köpmi?

Feliks Korli: Türkmenistanda dürli dinleriň agzalarynyň, şol sanda protestantlaryň, Iýegowa şaýatlarynyň, baptistleriň ýa bahaýy dinine uýýanlaryň, şol sanda etnik turkmenleriň hem daşary ýurtlarda ýaşaýandygy mälim. Olaryň basyşa sezewar edilip, ýurdy terk etmäge mejbur bolan halatlary-da bolupdy. Emma ýurduň daşyna çykýan dinçilerden näçesiniň din sebäpli, näçesiniň bolsa ykdysady sebäpli ýa-da olaryň azat ýurtlarda ýaşamak islegleri sebäpli Türkmenistandan gaýdandygyny aýtmak kyn.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda bar bolan hristian dini toparlaryň näçesi resmi hasaba alyndy, näçesi resmi hasaba durman hereket edýärler?

Feliks Korli: Türkmenistandaky hristianlaryň arasynda prawoslaw dininiň bir obşinasy, katolikleriň bir bileleşigi, baptistler bar. Umuman, ýurtda hasaba alnan we musulman bolmadyk guramalaryň sany 20-25 aralygynda. Olaryň arasynda hristian bolmadyk bahailer we krişnaçylar ýaly dini toparlar-da bar.

Ýöne olaryň ählisi diýen ýaly Aşgabatda ýerleşýärler, ýurduň beýleki regionlarynda musulman we prawoslaw bolmadyk dinlere degişli dini toparlaryň resmi hasaba durmagy gaty kyn iş. Beýleki şäherlerde ýerleşýän dini toparlaryň ýuridiki statusy çylşyrymly bolup galýar. Meselem, Daşoguzda baptistleriň obşinasy bar. Olar soňky 6-7 ýylyň dowamynda registrasiýaly bolmak ugrunda netijesiz synanyşyp gelýärler.

Azatlyk Radiosy: Feliks Türkmenistanda registrasiýasyz hereket edýän dini toparlaryň hasaba durmagyna näme päsgel berýär?

Feliks Korli: Döwletiň hem raýatlara hem-de žurnalistlere dini guramalar babatyndaky öz hereketleriniň sebäplerini düşündirmeýändigi uly problemadyr. Ýöne ýagdaýa umuman baha berlende, geliň katolikleri alyp göreliň, olar Watikanyň wekilleri hökmünde diplomatik statusa eýe bolan dini topardyr, emma, muňa garamazdan, olaryň Türkmenistanda resmi hasaba durmagy üçin 10 ýyla golaý wagt gerek boldy.

Halkara derejesinde şeýle goldawa eýe bolmadyk beýleki guramalaryň ýagdaýy bolsa, elbetde, hasam gözgyny. Türkmenistanda musulman we prawoslaw hristian dinine degişli bolmadyk dini guramalara diňe 2004-nji ýylda resmi hasaba durmak üçin rugsat berildi. Türkmen häkimiýetleri registrasiýa üçin rugsat beren badyna ilkinji bolup adwentistler hasaba durdular. Şol döwürde ençeme gurama hasaba durup bildi, emma soňra registrasiýa üçin mümkinçilik ýapyldy.

Meselem, ermeniler Türkmenbaşydaky köne ybadathanasynyň özlerine berilmegini islediler, emma bu iş şu çaka çenli başa barmady. Şol bir wagtda-da ybadathananyň ermenilere gaýdyp beriljegi barada wada hem berlipdi. Şeýle-de moskwaly ýepiskopyň Türkmenistana sapar etmegi planlaşdyrylypdy. Emma bu planlaryň iş ýüzünde amala aşyryljagy barada habar bolmady. Bu meselede häkimiýetleriň eden wadasy bilen çäklenildi. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistana sapar edende, ermeni ybadathanasynyň baş edarasyna barypdy. Şonda Türkmenistandaky ermenilere Türkmenbaşydaky kilisäniň beriljegi barada wada berildi. Emma mundan hem netije bolmady.

Azatlyk Radiosy: Ermeni kilisesine degişli gepleşikler haçan boldy?

Feliks Korli: Bu 2012-nji ýylyň aýagynda bolan waka. Biz bu barada hasabat çap edipdik, şondan soň moskwaly episkopyň Türkmenistana sapar etjegi aýdylypdy. Emma bu saparyň näme sebäpli amala aşyrylmandygyny anyklamak mümkin bolmady. Bu ýagdaý türkmen häkimiýetleri bilen dialogyň kyndygyny we wadalaryň köplenç kagyz ýüzünde galýandygyny görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda hristian dini guramalarynyň sanyny we olardan näçesiniň resmi hasaba alnandygyny ýene bir gezek takyklaşdyrsaňyz?

Feliks Korli: Prawoslaw hristian dinine degişli 12 sany bileleşik, prawoslaw bolmadyk hristianlaryň 10 sany guramasy resmi hasaba alnan. Bu 10 guramanyň içinde katolikler, baptistler, adwentistler we beýlekiler bar. Şeýle dini toparlaryň biri Daşoguzda, ýene biri Maryda hasaba alnan. Şol bir wagtda-da regionlarda hereket edýän kiçijik kiliseler we dini toparlar hem bar. Şol sanda protestantlar we baptistler bar. Ýöne olaryň aýratyn bir toparlar hökmünde ýa-da Aşgabatdaky ybadathanalaryň bölümi hökmünde hereket edýändigini anyklamak kyn bolýar. Formal däl toparlaryň sany örän kesgitsiz görünýär.

Azatlyk Radiosy: Feliks, Türkmenistanda ozalky ýyllarda hasaba durup bilmedik dini guramalar soň nähili şertlerde özlerini registrasiýa etdirip bildiler?

Feliks Korli: 2004-nji ýylda üýtgeşiklik bolupdy. Şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow dini guramalaryň resmi hasaba durmagy üçin talap edilýän agzalarynyň sanyny azaltmak barada görkezme beripdi. Öň dini guramalaryň hasaba durmagy üçin olaryň agzalarynyň sany 500 adamdan az bolmaly däldi. Soň bu san guramalar we bileleşikler üçin, olaryň statusyna görä, bäş we elli adama çenli azaldyldy.

Adam sanyna degişli öňki talaplar dini guramalaryň registrasiýasyna ençeme ýyllap päsgel beripdi. Sebäbi hatda resmi hasaba durmagy başaran prawoslaw guramalaryň we köp musulman metjitleriniň registrasiýa üçin ýazan arzalaryna uly ýaşly 500 agzalarynyň gol çekendigine men şübhelenýärin. Ine, netijede registrasiýa baradaky kanuna dini toparlaryň adam sany baradaky talaplaryň gowşadylmagy barada girizilen düzedişler birnäçe dini guramanyň hasaba durmagyna mümkinçilik döretdi.

Emma şonda-da resmi talaplary berjaý etmegiň özi Türkmenistanda dini guramanyň hasaba alynjagyny aňlatmaýar. Üstesine, adamlaryň gol çekmekden howatyrlanmaklary-da uly kynçylyklaryň biri bolup galýar. Adamlar dini guramanyň agzasy hökmünde islendik kagyza gol çeken ýagdaýynda häkimiýetleriň gözegçilik hasabyna alynjagyny bilýärler.

Ilmyrat Nurlyýewiň Marydaky ybadathanasynda bolşy ýaly, geçen ýylyň güýzünde polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri dini guramanyň registrasiýa edilmegini sorap arza gol çeken adamlaryň ählisiniň öýlerine baryp, dini jemgyýetiň agzalaryna haýbat atypdyrlar. Şeýlelikde Türkmenistanda gol çekmek meselesi aňsat bir iş bolman, onuň adamlara howp salýan halatlary-da bolýar.

Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaý Türkmenistanda dürli dini toparlaryň agzalarynyň köplenç özlerini tanatman hereket edýändigini aňladýarmy?

Feliks Korli: Hawa şeýle bolýar. Hiç kim dinçileriň takyk sanyny bilmeýär. Adamlaryň ol ýa beýleki dini guramanyň agzasydygyny boýun alyp, resmi kagyzlara gol çekmekden gorkýandygy hakykat. Köp adamyň çagalary mekdepde okaýar. Köp adam döwlet edaralarynda işleýär. Türkmenistanda dini guramalaryň agzalary bolan döwlet işgärleriniň işden kowlan halatlary geçmişde az bolmandy. Bu mugallymlar, lukmanlar üçin uly problema bolupdy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda hristian dini guramalary soňky ýylyň dowamynda nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular?

Feliks Korli: Dini guramalar hüjümler, jerimeler we dini kitaplaryň ele salynmagy ýaly çärelere sezewar edildiler. Olara haýbat atyldy. Mekdeplerde çagalara basyş edildi. Mekdeplerde geçirilýän dini çärelere daşary ýurtlularyň çagyrylmagy barada edilen ýüzlenmeler ret edildi.

Geçen ýylyň dowamynda hatda musulmanlara-da basyşlar dowam etdirildi. Haja gitmek islän köp musulmanlar rugsat alyp bilmediler. Biziň çaklamalarymyza görä, ýurtda geçen ýylda bäş müňe golaý adam haja gitmek isledi, emma diňe bir uçar ýagny 188 adam zyýarata gidip bildi. Hakyky zyýaratçylaryň sany bolsa ondan hem az boldy, sebäbi Türkmenistandan haja gidenleriň arasynda howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri hem bardy.

Hristianlar barada aýdylanda, olara hatda oýlerinde-de hüjüm edildi. Geçen ýylyň aýagynda Daşoguzda protestant kilisesiniň agzalary hususy jaýda jemlenip, ýekşenbe günki dini ybadat üçin aýdymlary repetisiýa edenleride, olaryň üstüne polisiýa dökülip, bu dini gurama jerime salyndy. Ýogsa, bu kilisäniň resmi registrasiýasy hem bar. Emma olara hususy jaýda ýygnanyşmak bolmaýandygy aýdyldy.
XS
SM
MD
LG