Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan resmisi Türkmenistana sapar edýär


Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Nişa Biswal, 13-15-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirilýän üçünji ikitaraplaýyn ýyllyk konsultasiýalara gatnaşmak üçin, amerikan delegasiýasynyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna geldi.

Türkmen metbugaty ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorata we Merkezi Asiýa meseleleri boýunça kömekçisi Nişa Biswalyň 13-nji ýanwarda prezident G.Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilendigini habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda 2010-njy ýyldan bäri her ýylda geçirilýän ikitaraplaýyn konsultasiýalar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň özboluşly bir mehanizmi bolup, bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga yzygiderli şert döredýär.

Amerikan ilçihansy bu saparyň dowamynda amerikan-türkmen hyzmatdaşlygy, şol sanda regional howpsuzlyk meseleleri, Owganystandaky durnuklylygy goldamak üçin edilýän tagallalar, barha ösýän söwda-ykdysadyýet gatnaşyklary we, sosial we medeni gatnaşyklary ösdürmek hem-de adam hukuklarynyň goragyny üpjün etmek maksatlaryndan ugur alýan ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada maslahat ediljeginui aýdýar.
XS
SM
MD
LG