Sepleriň elýeterliligi

"Döwlet guşumy" ýa döwlet ideologiýasy?


"Döwlet guşy" kitaby

"Döwlet guşy" kitaby

Resmi metbugatda habar berlişine görä, 10-njy ýanwarda Türkmen döwlet milli konserwatoriýasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” atly kitabyndaky goşgularyna saz ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşige ady agzalan okuw jaýynyň studentleri we ony tamamlan ýaş kompozitorlar gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş

Agzalan bäsleşik prezidentiň geçen ýyl çap edilen “Döwlet guşy” kitabyna bagyşlanyp ýurtda geçirilýän çäreleriň diňe biri. Bu kitabyň çap edilen gününden bäri ýurt boýunça onuň bilen ençeme tanyşdyryş dabaralary geçirildi.

Türkmen telewideniýesinde bu kitabyň daş keşbini, ondaky bölümleri we suratlary görkezýän wideorolik her gün diýen ýaly efirde birnäçe gezek görkezilýär. Türkmen radiosynda bolsa şol kitapdan parçalar okalyp, efire goýberilýär.

Merkezi gazetleriň-de her sanynda diýen ýaly bu roman barada makalalardyr seslenmeler çap edilýär. “Özüniň ajaýyp eserleri bilen, kalbymyza ganat bagladan milli Liderimiziň “Döwlet guşy” atly täze kitabyna ýazan sözbaşysyny okap başlanyňdan üýtgeşik duýgular kalbyňa dolýar. Bu göwher diwanda öwrenmäge, nusga almaga örän köp zatlar bar” diýip, Türkmenistan gazetiniň 7-nji ýanwaryndaky sanynda çap edilen makalasynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, dosent Gözel Öwezowa ýazýar.

Ilatyň garaýşy

Emma ilat arasynda bu romana bolan garaýyş köplenç halatda resmi metbugatda beýan edilýän garaýyşdan tapawutlanýar. “Döwlet guşy” romany bilen bagly dörän häzirki ýagdaýdan çen tutup, bu kitabyň S.Nyýazowyň “Ruhnama” kitabynyň deregine döredilen täze ideologik maksatly eserdigi baradaky çaklamalary öňe sürýän ildeşlerimiz az däl.

Aşgabatly medeniýet işgäri Ýakubyň aýtmagyna görä, bu kitabyň çap edilen wagtynyň orta mekdeplerde “Ruhnama” kitaby boýunça dersleriň ýatyrylan döwrüne gabat gelmegi hem munuň şeýledigini belli bir derejede tassyklaýar.

“Häzir bu kitabyň adamlaryň aňyna ornaşdyryljak bolunmagy “Ruhnamany” ýatladýar. Ilki tanyşdyrylyş dabaralary geçiriler. Soň ony ýat tutduryp başlarlar. Daşary ýurt telekeçileri bähbitli biznes proýektlerine gatnaşmak üçin ony daşary ýurt dillerine terjime ederler. Şol bir zat gaýtalanýar” diýip, paýtagtly medeniýet işgäri Ýakup aýdýar.

Mekdeplerde...

Aşgabadyň mekdeplerinde hem bu kitapdaky goşgularyň okuwçylara ýat tutdurylýandygy aýdylýar. Paýtagtyň 55-nji orta mekdebiniň efirde adynyň tutulmagyny islemedik mugallymy okuwçylaryň “Döwlet guşy” romanyndaky goşgulary göçürip, soňam ýatdan aýdyp bermeli bolýandyklaryny gürrüň berýär.

“Bu kitap mekdep programmasynda ýok hem bolsa, ol barada okuwçylara gürrüň bermek hem-de ondaky goşgulary olara ýat tutdurmak hakynda ýokardan buýruk bar” diýip, adynyň efirde tutulmagyny islemedik mugallym aýtdy.

Käbir ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň aýtmaklaryna görä, olar bu kitaby satyn almaga mejbur hem edilýär. Munuň şeýledigini paýtagtyň kitap satýan dükanlarynyň satyjylarynyň hem käbirleri tassyklaýarlar.

“Bu kitaby, esasan, studentler, olaryň mugallymlary satyn alýarlar diýäýmeseň, başga adam satyn alyp baranok” diýip, paýtagtyň kitap satýan dükanlarynyň biriniň satyjysy Mähri gürrüň berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” atly romany geçen ýyl Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi tarapyndan çapdan çykaryldy. Şol ýylyň 21-nji oktýabrynda bolsa Daşoguz welaýatynda geçen ýaşulular maslahatynyň öňüsyrasynda onuň ilkinji tanyşdyryş dabarasy bolup geçdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG