Sepleriň elýeterliligi

HRW Soçi Olimpiadasyny tankytlaýar


Soçidäki migrantlar

Soçidäki migrantlar

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän adam hukuklary guramasy (HRW) Soçide geçýän gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny beýan etmegiň töwekgellikleri hakynda žurnalistler üçin gollanma çap etdi. Onda giň ýaýran hukuk bozulmalarynyň Olimpiýa düzgünnamasynyň gymmatlyklaryna ters gelýändigi aýdylýar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň (HRW) duşenbe güni çap eden hasabatynda Orsýetiň hökümetiniň görnetin ýurt abraýyny gowulandyrmak umydyna garamazdan, Olimpiýa taýýarlyklarynyň hukuk bozulmalary we gapma-garşylyklar bilen utgaşandygy, şol sanda media we raýat jemgyýetine gödek daralandygy aýdylýar.

HRW taýýarlyklaryň adamlaryň ezilmegi, bikanun tussag edilmegi, migrant işçileriň ýurtdan çykarylmagy, şol sanda soçili ýaşaýjylaryň öz ýaşap oturan jaýlaryndan zor bilen göçürilmegi ýaly zatlar bilen utgaşandygyny aýtdy.

"Hýuman Raýts Wotç” guramasynyň Orsýet programmasynyň direktory we uly ylmy barlagçy Tanýa Lokşina Azatlyk radiosynyň rus gullugy bilen söhbetdeşlikde bu barada şeýle diýdi:

"Olimpiýa oýunlaryna göni gatnaşykdaky problemalar barada aýtsak, olar zähmet migrantlary, şol sanda olaryň bikanun tussag edilmegi, Olimpiýa gurluşyklarynda eden işleri üçin degişli hak berilmezden ýurtdan çykarylmagy, sebitiň ýaşaýjylarynyň bir toparynyň ýeterlik kompensasiýa berilmezden öý-jaýlaryny ýitirmegi ýaly meseleleri öz içine alýar. Bu ýagdaý Olimpiýa gurluşyklaryny tankyt edýän garaşsyz žurnalistlere we aktiwistlere garşy görkezilýän basyşlar görnüşinde häzire çenli hem dowam edýär."

HRW-nyň hasabaty Orsýetiň geý propagandasyna garşy täze kanuny babatdaky «tankyt tupanyna» hem ünsi çekýär. Onda bu kanunda lesbianlaryň, geýleriň, biseksuallaryň we transgenderleriň kemsidilmeginiň Olimpiýanyň düzgünnnamasyna ters gelýändigi bellenilýär.

"Bizde inwalid ýok"

Tanýa Lokşina, 1980-nji ýylda Moskwada geçirilen Tomusky Olimpiýa oýunlary bilen deňeşdrilende, Soçi Olimpiýadasyna uly üstünlik hasaplap boljak bir özgerişligiň hem bolandygyny ünsi çekdi.

Ol öň sowet hökümetiniň, «Sowet Soýuzynda inwalid ýok» diýip, Paralimpiýa oýunlaryna geçirmekden ýüz öwrendigini belledi. Soçide bolsa, Olimpiýa oýunlary soňlanan badyna Paralimpiýa oýunlary başlanar.

Şeýle-de Lokşina halkara jemgyýetçiligini Soçi oýunlaryndan soň Orsýetde möhüm bolan adam hukuklary meselelerini ünsden salmazlyga çagyrdy:

"Hudaý görkezmesin, eger Olimpiýadadan soň Orsýeti unutsalar näme bolar? Häzir Olimpiadanyň geçýän ýeri hökmünde Orsýete gönügen gözleriň ählisi birden başga tarapa öwrülse, başga ýana seretse nähili bolar? Biz bu hili bolan halatynda ýagdaýyň agyrlaşmagyndan, raýat jemgyýetine, pikir azatlygyna, garaşsyz aktiwistlere garşy basyşyň has güýçlenmeginden diýseň howatyr edýäris. Nurbatlar häzirem aňyrbaş derejede towlanan. Bu ýagdaýyň öňüni almagyň ýeke-täk usuly Olimpiýa oýunlary sowlandan soň Orsýetiň ünsden düşürilmezligi."

Soçidäki Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji ýaryşlary 6-njy fewralda başlanyp, olar iki hepde dowam eder.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG