Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: Ylalaşyga mümkinçilik berilmeli


Prezident Barak Obama Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kanunçykaryjylaryna Eýran bilen alnyp barylýan diplomatiýa mümkinçilik bermäge çagyryş etdi. Geçen hepdäniň soňunda Tähranyň ýadro programmasy barada Eýran we dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň arasynda gelnen alty aýlyk deslapky ylalaşyk 20-nji ýanwardan başlap güýje girer.

Obama duşenbe güni beren maglumatynda deslapky ylalaşyk “mümkinçilikleriň gapysyny” hödürleýär diýdi.

Obamanyň bu çykyşy ABŞ-nyň käbir kanun çykaryjylary Eýrana garşy täze sanksiýalara goldaw bermäge çagyryş edenden soň bolup geçdi. Olar bu çagyryşy Eýran bilen diplomatiki inisiatiwalary bozup biljekdigi baradaky duýduryşlara garamazdan amala aşyrýarlar.

Obama Eýran ylalaşygy durmuşa geçirmegi başarmasa, onda özüniň Tährana garşy täze jeza beriji çäreleri goldap biljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG