Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürliler ses bermäge başladylar


Müsürliler iki gün dowam etjek konstitusion referenduma ses berip başladylar. Bu yslamçy prezident Muhammad Morsi harbylar tarapyndan häkimiýetden çetleşdirileni bäri Müsürde geçirilýän ilkinji ses berilişikdir.

Aglabasy dünýewi garaýyşy bolan adamlardan ybarat komissiýa tarapyndan taslanylyp, gözden geçirilen konstitusiýanyň düzüminde yslamyň kadalaryna salgylanylmaýar. 2012-nji ýylda Morsiniň häkimiýeti döwründe kabul edilen ozalky konstitusiýa dawaly diýip häsiýetlendirilipdi.

Bu düzgünnamanyň goldawçylarynyň aýtmagyna görä, ol ýekebara azatlygy, dini erkinligi we aýallaryň hukuklaryny kepillendirýär. Tankytçylar bolsa bu düzgünnamanyň Müsüriň harbylaryna aýratyn hak-hukuk berýändigini aýdýarlar.

Müsüriň polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, sişenbe güni saýlaw merkezleri açylmazyndan öň, Kairiň sudunyň daşynda bomba partladylypdyr. Wakada hiç kim ýaralanmady, ýöne suduň binasynyň öň tarapyna zeper ýetendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG