Sepleriň elýeterliligi

“Pussy Riotyň” agzalary türmä bardy


Russiýada amnistiýa esasynda azatlyga goýberilen “Pussy Riot” toparynyň iki agzasy tussaglaryň hukuklaryna goldaw bermek üçin Nižnyý Nowgoroddaky zähmet koloniýasyna bardy. Bu toparyň şol agzalarynyň biri gürrüňi edilýän koloniýada saklanylypdy.
Mariýa Alýohina tussaglykdaky soňky birnäçe aýyny 2-nji belgili zähmet koloniýasynda geçiripdi. Ol bu koloniýa Nadežda Tolokonnikowa bilen bardy. Alýohinanyň we Tolokonnikowanyň özleriniň gynamalara sezewar edilýändigini aýdýan birnäçe tussag bilen duşuşmagyna garaşylýardy.
“Pussy Riot” toparynyň iki agzasy 2012-nji ýylda Moskwanyň ybadathanasynda Putine garşy protestleri geçirmegi sebäpli huligançylykda günälenip, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Olaryň ikisi hem Kremliň dekabr aýyndaky amnistiýasy esasynda azatlyga goýberilipdi.
XS
SM
MD
LG