Sepleriň elýeterliligi

Obama Eýrana mümkinçilik bermäge çagyrýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

Prezident Barak Obama alty aýlyk ýadro ylalaşygynyň 20-nji ýanwardan başlap, güýje girmegi barada Eýran bilen ýaňy hepdäniň ahyrynda gelnen ylalaşyga salgylanyp, amerikan kanun çykaryjylaryny Tähran babatda diplomatiýa bir mümkinçilik bermäge çagyrdy.

Obama duşenbe güni Waşingtonda Eýran bilen gelnen wagtlaýyn ylalaşygyň "amatly pursat üçin bir gapy" bolup durýandygyny aýtdy.

Diplomatik başlangyjy başa bardyrmazlygy mümkin diýip berilýän duýduryşlara garamazdan amerikan kanun çykaryjylarynyň käbiri Eýranyň garşysyna täze sanksiýalaryň girizilmegine çagyrýarlar.

Obama duşenbe güni Tähran aralyk ylalaşykda üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmese, özüniň Eýranyň garşysyna täze jezalandyryjy çäreleriň girizilmegini goldajakdygyny aýtdy.

Ylalaşyk

Aralyk ylalaşyk boýunça Eýran atom programmasynyň käbir aspektlerini doňdurmaly, munuň dereginde Günbatar hem girizilen sanksiýalary çäkli derejede ýeňilleşdirmeli.

Waşingtonda täze kanun taslamasyny goldaýanlar aralyk ýadro ylalaşygynyň 20-nji ýanwardan beýläk amala aşyrylyp başlanmagy sanksiýalaryň artdyrylmagyny talap edýänlere beýlekilerden goldaw tapmagy kynlaşdyrar diýýärler.

Eýran, haýsy görnüşde hem bolsa, täze sanksiýa girizilen halatynda özüniň gutarnykly ýadro ylalaşygy baradaky gepleşiklerden çekiljekdigini aýdyp duýduryş berdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departmentiniň resmileri duşenbe güni Waşingtonda amerikan kanun çykaryjylary bilen duşuşyp, Eýran barada yzarlanmaly diplomatik ugur hakda pikir alyşdylar.

Duşenbe güni Ak Tamyň sözçüsi Jaý Karneý Eýran bilen gelnen ylalaşyk barada Birleşen Ştatlaryň kanun çykaryjylaryna basym jikme-jik maglumat beriljekdigini bildirdi:

"Amala aşyrma planynyň bir bölegi hökmünde gelnen tehniki ylalaşyklar şu wagt Atom energiýasy boýunça halkara gullugyna ýetirilýär. Şonuň bilen bir hatarda biz jemgyýetçilige tehniki ylalaşyklar hakda köpräk maglumat bermekde 5+1, Ýewropa Bileleşigi we Atom energiýasy boýunça halkara gullugy bilen bilelikde işleşýäris. Planyň doly tekstini Kongrese ýetireris diýip pikir edýärin. Jemgyýetçilige hem haçan we nahili formada maglumat ýetirmek barada halkara partnerlerimiz bilen hyzmatdaşlyk edýäris".

Karneý şeýle hem Waşingtonyň diplomatik tagallalaryň geljek alty aýlykda aralyk ylalaşykdan has öňe geçmegini isleýändigini nygtady.

"Biz Tähranyň amala aşyrma ylalaşygynda öz ütüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmese ýa gutarnykly çözgüde gelinmese, muňa Birleşen Ştatlar we halkara arkalaşygy tarapyndan reaksiýa boljakdygyna düşünýändigine berk ynanýarys. 2-nji bölüm gaty ähmiýetli. Sebäbi, biziň Birleşen Ştatlarda Kongres tarapyndan herekete geçmeýändigimiziň bir delili onuň halkara derejesinde gelnen agzybirlikli ylalaşyga zyýan ýetirmeginiň mümkindigidir. Sanksiýa düzgüniniň ähli taraply we netijeliliginiň aňyrsynda duran sütüniň biri halkara agzybirligi" diýip, Karneý aýtdy.

Dünýäniň güýçli döwletleri Eýranyň ýadro programmasynyň atom ýaraglaryny öndürmäge gönükdirilendigine ynanýarlar. Tähran bolsa onuň tutuşlygyna parahatçylykly maksatlar üçindigini aýdýar.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton özüniň öňümizdäki hepdelerde Tährana edilen çakylygy kabul etmäge niýetlenýändigini aýtdy.

Aşton şeýle hem gelnen aralyk ylalaşygy taryplap, onuň indi iş ýüzüne geçirilmeginiň möhümdigini belledi:

"Bu bir möhüm ylalaşyk. Men ol bize öňe ilerlemäge amatly pursat döreder diýip umyt edýärin we ýene gysga wagtdan mundan hem giňräk ylalaşyga garaşýaryn".
XS
SM
MD
LG