Sepleriň elýeterliligi

Baku: Aktiwiste ýyl kesildi


Azerbaýjanyň oppozision “Musawat” partiýasynyň syýasy maslahatçysy we syýasy aktiwist “huligançylyk” diýen aýyplamalar esasynda, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Azerbaýjanyň günortasyndaky Lankaran şäherinde tussag edilen Ýadigar Sadikow prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda iýun aýynda tussag edilipdi. Şonda Lankaran şäherindäki “uruş weterany” diýlip tanadylan bir adam Sadikowyň çaýhanada özüni ýenjendigi barada polisiýa şikaýat edipdi.

Sadikow sud diňlenişiginiň soňunda eden çykyşynda özüne ýöňkelýän ähli aýyplamalary ret etdi. Ol tussag edilmegini özüni dymdyrmak üçin edilýän tagallalar we “syýasy masgaraçylyk” diýip atlandyrdy.

Sadikowyň aklawçysy Halid Bagirow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda suduň kararyny şikaýat etmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýan toparlaryň aýtmagyna görä, häzirki wagt Azerbaýjanda takmynan 145 sany syýasy tussag türmede saklanylýar.
XS
SM
MD
LG