Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Garaýoluň gurluşygy dowam eder


Gyrgyzystan Täjigistanyň garşy çykmagyna garamazdan, täjikleriň ýaşaýan Woruh sebitiniň gapdalyndan aýlanyp geçýän garaýoluň gurluşygyny dowam etdirer.
Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gullugynyň sişenbe güni beren maglumatyna görä, duşenbe güni Gyrgyzystanyň Batken şäherinde bolan serhet gepleşiklerinde täjik tarapy Bişkekden araçäk kesgitlenýänçä garaýoluň gurluşygyny togtatmagy sorapdyr. Emma gyrgyz tarapy bu haýyşy ret edipdir.
Dawaly territoriýada gyrgyz işçileri tarapyndan amala aşyrylýan garaýol gurluşygy iki ýurduň serhet gullukçylarynyň arasynda ok atyşyklygyň döremegine sebäp boldy.
Resmileriň berýän maglumatyna görä, wakada bäş gyrgyz serhet gullukçysy, bir gyrgyz polisiýa işgäri we iki täjik serhet gullukçysy ýaralanyp, keselhana ýerleşdirilipdir.
1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan soň, Merkezi Aziýanyň serhetýakalaryndaky ençeme territoriýa dawaly bolmagyna galýar.
XS
SM
MD
LG