Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Aktiwiste garşy täze aýyplamalar ýöňkeldi


Russiýanyň belli oppozision aktiwistine garşy täze aýyplamalar ýöňkeldi. Russiýanyň Derňew komitetiniň duşenbe güni beren maglumatyna görä, Sergeý Mohnatkin Strategiýa-31 atly protestler döwründe başga-da aýal polisiýa ofiserine hüjüm etmekde güman edilýär. Gürrüňi gidýän bu protestler geçen aý Moskwada geçirilipdi.
2-nji ýanwarda Moskwanyň sudy iki aý deslapky tussaglykda saklanan Mohnatkiniň 31-nji dekabrda geçirilen ýörişlerde erkek polisiýa ofiserine hüjüm edendigini tassyklapdy. Bu ýörişler Russiýanyň konstitusiýasynyň 31-nji maddasyny goldamak maksady bilen geçirilipdi. Bu madda parahatçylykly ýygnanyşmak hukugyny kepillendirýär.
Mohnatkin häzirki wagt tussaglykda saklanylýan kamerasynda açlyk yglan etdi. Ol ilkinji gezek 2009-njy ýylda şuňa meňzeş protestler döwründe polisiýa hüjüm etmekde aýyplanyp, 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilende tanalypdy. Onuň 2012-nji ýylyň aprel aýynda Russiýanyň şol wagtky prezidenti Dmitriý Medwedew tarapyndan günäsi geçilipdi.
XS
SM
MD
LG