Sepleriň elýeterliligi

ABŞ žurnalistlere basyşy ýazgarýar


Ukrainaly protestçiler hüjüme sezewar bolan garaşsyz žurnalist T.Çornowiliň suratyny tutup durlar, Kiýew, 26-njy dekabr, 2013.

Ukrainaly protestçiler hüjüme sezewar bolan garaşsyz žurnalist T.Çornowiliň suratyny tutup durlar, Kiýew, 26-njy dekabr, 2013.

ABŞ-nyň mediasy Ýewromaýdan žurnalistlerine edilýän hüjümleri ýazgarýar.

Ukrainada garaşsyz žurnalistlere, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň we "Amerikanyň Sesiniň" žurnalistleriniň garşysyna amala aşyrylýan ýanamalaryň, gorkuzmalaryň we hüjümleriň Kiýewde geçirilen köpçülikleýin protestler döwründe depgini artdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy žurnalist Witaliý Portnikowa garşy gönükdirilen garalama kampaniýasy ony ynamdan gaçyrmaga we şol bir wagtyň özünde-de demokratiýanyň tarapdary “Ýewromaýdan” hereketini gowşatmaga niýetlenen çäredir diýip habar berýär.

9-njy ýanwarda Portnikowyň Kiýewdäki kwartirasyna elleri mazmuny haýbat atýan plakatly takmynan 50 adam tarapyndan piket gurnaldy. Piketçiler Portnikowy “özüni ahlaksyz alyp barmakda” aýypladylar.

“Amerikanyň Sesi” korporasiýasynyň Ukrain gullugynyň telewideniýe bölüminiň habarçysy Ruslan Deýniçenko yzygiderli gorkuzmalar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Deýniçenkonyň üstüne bu gorkuzma häsiýetli hüjümler ol dekabr aýynyň soňunda prezident Wiktor Ýanukowiçiň Kiýewiň çetinde ýerleşýän rezidensiýasynyň alkymynda geçirilen "Awtomaýdan" ulag kerweni atly protestler barada taýýarlan maglumatynyň yzysüre amala aşyryldy.

Deýniçenkonyň ulagynyň hasaba duran ýeri bolan – şäher Döwlet ulag inspeksiýasynyň resmileri onuň ejesiniň we kakasynyň hem-de gaýynlarynyň öýüne birnäçe gezek bardylar. Resmiler onuň ene-atasyndan hem-de gaýynlaryndan Deýniçenkonyň ýol düzgünlerini bozandygy aýdylýan dokumente gol çekmeklerini soradylar. Gürrüňi edilýän bu dokumente gol goýulsa, ol sürüjilik şahadatnamasynyň alty aýlap güýçden gaçmagyna sebäp bolýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Kewin Kloz “Bu ýerde sowet döwrüniň iň bir ýazgarylmaga mynasyp taktikalaryny ýatladýan professional, garaşsyz žurnalistleri abraýdan gaçyrmak üçin guramalaşdyrylan tagallalar edilýär” diýdi.

1991-nji ýyldan bäri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýän Portnikow baýrak alan erkin žurnalistdir. Şeýle-de ol “Ýewromaýdanyň” köpçülikleýin komitetiniň agzasydyr. “Ýewromaýdan” prezident Ýanukowiçiň Ýewropa bilen ýakyn gatnaşyklary saklamak barada ylalaşyga gol çekmekden ýüz öwrenden soň ýaýran Ýewropa ygrarly demonstrasiýalary guramaçylaşdyran esasy guramadyr.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Metbugat azatlygyna wekilçilik edýän edarasynyň 2-nji dekabrda ýaýradan maglumatyna görä, Kiýewdäki köpçülikleýin protestler barada raport taýýarlan döwri 40-dan gowrak žurnalist fiziki hüjüme sezewar bolup, ýaralanypdyr.

Häzirki güne çenli amala aşyrylan hüjümleriň iň pajygalysy 25-nji dekabrda bolup geçdi. Şonda ukrainaly žurnalist Tatýana Çornowil nämälim hüjümçi tarapyndan gaty ýenjilipdi. Çornowil ýokary derejeli resmileriň arasyndaky korrupsiýany derňeýärdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy garaşsyz halkara habar guramasydyr. Onuň žurnalistleri erkin metbugatyň gadagan edilen ýa-da söz azatlygy çäklendirilen 21 döwletiniň ilatyna erkin habarlary ýetirýär. Olaryň arasynda Russiýa, Eýran, Yrak, Owganystan, Pakistan, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bar. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýär.
XS
SM
MD
LG