Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hususylaşdyrmagy näme bökdeýär?


Ýaşaýyş jaýy, Aşgabat, 2013
Ýaşaýyş jaýy, Aşgabat, 2013
Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurtda Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakyndaky kanun güýje girdi. Emma prezidentiň geçen ýylyň 22-nji iýunynda gol çeken bu kanuny boýunça entek ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak hiç kime başardanok.

Munuň takyk sebäplerini resmi taýdan anyklamak başartmady. Emma ildeşlerimiziň käbirleri bu kanun boýunça hususylaşdyrmany ýerine ýetirmeli degişli häkimiýetleriň bu işe taýýar däldigini aýdýarlar.

Paýtagtyň Köpetdag etrabynyň ýaşaýjysy Ýazgeldi öz ýaşaýan etrabynyň häkimligine baryp ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak barada soranynda oňa ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak boýunça zerur bolan resminamalaryň entäk taýýarlanmandygyny aýdypdyrlar.

“Häkimlige baryp soranymda zerur bolan dokumentleriň ýokdugyny aýtdylar. Ýanwaryň 20-sinden priwatizasiýa başlanmagy ähtimal diýdiler” diýip, paýtagtyň Köpetdag etrabynyň ýaşaýjysy Ýazgeldi aýdýar.

Resmi buýruk

Käbir ildeşlerimize bolsa häkimliklerde hususylaşdyrma işini başlamaga entek anyk buýruk berilmändigini aýdypdyrlar.

“Berkararlyk etrabynyň häkimligine baranymda entäk munuň ýaly buýrugyň ýokdugyny aýtdylar” diýip, öňki Azatlyk häzirki Berkararlyk etrabynyň ýaşaýjysy Berdimyrat gürrüň berýär.

Ýurduň döwlet ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan ilatynyň ýüzlerçe müňüsiniň hususy ýaşaýyş jaýly bolmagyna mümkinçilik berýän kanunyň berjaý edilmegine degişli häkimiýetleriň taýýarlyksyz çemeleşmeklerinden nägilelik bildirýänler az däl.

Ýazgeldi bu barada şeýle diýýär: “Adamlara jeza berýän kanun girizilen bolsady, onda ony derrew ýerine ýetirerdiler. Kanunyň kabul edilenine ýarym ýylyň geçendigine garamazdan, häkimiýetleriň taýýarlyksyz bolmagy olaryň adamlara bolan garaýyşlaryny görkezýär”.

Bu ýagdaýa ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň öňüne emeli böwet basylmagy hökmünde garaýanlar bolsa bu kanunyň ýurtdaky beýleki käbir kanunlar ýaly kagyz ýüzünde galjakdygyny, onuň asla durmuşa geçirilmejekdigini aýdýarlar.
“Öňem işlemeýän kanunlar az däl. Bu-da şolaryň biri bolar-da” diýip, paýtagtyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Röwşen aýdýar.

Hususylaşdyrmak gerekmi?

Şol bir wagtda-da ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagyna hem dürli-dürli garaýyşlar bar. Käbirleri hususylaşdyrmagy öz ýaşaýan jaýlarynyň ýumrulmagyndan gorag hem-de ony erkin satmaga mümkinçilik hökmünde garaýan bolsalar, käbirleri ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy bilen kommunal hyzmatlarynyň nyrhlarynyň ýokary galdyrylmagyndan hem howatyrlanýarlar.

“Orsýetde priwatizasiýa edenlerinden soň kommunal hyzmatlaryň bahasy ýokary galypdy. Bizde hem edil şeýle bolmagy ähtimal. Şeýle-de mugt diýip berilýän gazyň, suwuň, elektrik togunyň hem bahasyny ýokary galdyrarlar” diýip, öňki Azatlyk häzirki Berkararlyk etrabynyň ýaşaýjysy Berdimyrat aýdýar.

Ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň arzanlamagyna getirip biljekdigini aýdýan ildeşlerimiz hem bar.
XS
SM
MD
LG