Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Myrzakmatow göreşjekdigini aýtdy


Gyrgyzysytanyň Oş şäherindäki dawaly syýasatçy çarşenbe güni geçirilen häkimlik saýlawlarynda özüniň ýeňlenine garşy göreşjekdigine wada berdi.
Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň berýän maglumatyna görä, Melis Myrzakmatow saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny öňe sürýär. Şol saýlawlarda şäheriň kanunçykaryjylary 25-19 ses bermek bilen Aitmamat Kadyrbaýewi saýladylar. Kadyrbaýew gyrgyz prezidentiniň tarapdary hasaplanylýar.
Mundan öň ýurduň polisiýasy Myrzakmatowyň goldawçylaryndan düzülen köpçüligiň regional dolandyryş edarasyna girmeginiň öňüni aldy.
2010-njy ýylda bolan etnikara çaknyşyklar döwründe Oşa başlyklyk eden Myrzakmatow hökümete garşy geçirilen protest çärelerinden soň, dekabr aýynyň başynda wezipesinden çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG