Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Partlamalarda 39 adam öldi


Yragyň paýtagty Bagdatda we onuň töwereginde amala aşyrylan bomba hüjümlerinde azyndan 39 adam öldi.

Bagdadyň demirgazygyndaky durnuksyz Diýala welaýatynyň Buhriz obasyndaky bomba partlamasynda azyndan 16 adam öldi. Bu bomba jynaza çadyrynyň içine ýerleşdirilipdir. Jynaza çadyryndaky adamlar iki gün ozal aradan çykan hökümet tarapdary milisiýanyň jaýlanyşyna gatnaşýardylar.

Bu arada Bagdadyň şaýy musulmanlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýerinde bir minut aratapawut bilen partladylan azyndan ýedi ulag partlamasynda hem 23 adam öldi.

Yarkda “Al-Kaýda” ilteşikli söweşijiler Ramadi we Falluja şäheriniň kotrollygyny ele salanyndan bäri, ýurtda ýowuzlyklar dowam edýär.
XS
SM
MD
LG