Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Keselhanada ýangyn döredi


Pakistanyň öňki prezidenti Perwez Muşarrafyň saglyk bejergisini alýan keselhanada ýangyn döredi. Muşarraf bu keselhanada ýürek nasazlyklary sebäpli bejergi alýar.
Pakistanyň Rawalpindi şäherindäki Ýaragly güýçleriň kardiologiýa institutynyň resmileri keselhanada dörän ýangynyň “ujypsyzdygyny” we onuň dessine söndürilendigini aýtdylar. Şeýle-de, olar ýangynyň döremeginiň sebäpleri derňelýär diýdiler.
Muşarraf geçen hepde sud zalyna alnyp barylýarka, döşündäki agyrydan şikaýat edeninden soň, gürrüňi edilýän keselhana ýerleşdirilipdi. Oňa ýüregiň işemiýa keselinden diagnoz goýuldy. Muşarrafyň aklawçylary onuň daşary ýurtda saglyk bejergisini dowam etdirmegi üçin resmilere haýyş edýärler.
XS
SM
MD
LG