Sepleriň elýeterliligi

Politkowskaýanyň sud işi soňa goýuldy


Moskwanyň şäher sudy Russiýanyň derňew habarçysy Anna Politkowskaýanyň öldürilmegi baradaky sud diňlenişigini soňa goýdy. Sud tussaglardan biri özüniň aklawçysynyň ýokdugyny aýdanyndan soň, sud diňlenişigini 20-nji ýanwara geçirdi.
Kazy Pawel Melekhin gürrüňi edilýän tussaga aklawçy belledi we täze aklawçynyň sud işini öwrenmegi üçin wagt gerek diýip, sud diňlenişigini soňa goýdy.
Şeýle-de, sud işine sişenbe güni täze žýuri bellenilipdi. Mundan ozalky žýuri noýabr aýynda wezipesinden boşadylypdy.
Politkowskaýa Çeçenistanda Kremliň tarapdary ýaragly toparlar tarapyndan amala aşyrylýan zulumlar barada habar taýýarlaýan žurnalist bolup, ol 2006-njy ýylda Moskwadaky öz öýüniň girelgesinde ýaragdan ot açylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG