Sepleriň elýeterliligi

Dagystan: Operasiýada bäş adam öldi


Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda terrorçylyga garşy göreşmek operasiýalarynda söweşiji diýlip güman edilýän azyndan iki söweşiji we üç howpsuzlyk ofiseri öldürildi.
Kanun goraýjy ýerli resmileriň berýän maglumatyna görä, operasiýalar döwründe polisiýa we howpsuzlyk gullugynyň bäş ofiseri ýaralanypdyr. Bu operasiýalar Dagystanyň günbataryndaky Hasawýurt etrabynda amala aşyryldy.
Ýurduň derňewçileri ölenleriň biriniň şahsyýetiniň Marat Idrisowdygyny habar berýärler. Olar dekabr aýynyň soňunda Pýatigorsk şäherinde amala aşyrlan bombaly ulag hüjümini Idrisowyň gurnandygyndan güman edýärler. Şol wakada üç adam ölüpdi.
Dagystanyň howpsuzlyk güýçleri 2013-nji ýylyň soňky hepdelerinde Hasawýurt territoriýasynda birnäçe operasiýalary amala aşyrdylar.
XS
SM
MD
LG