Sepleriň elýeterliligi

Bagdat resmisi bitewilige çagyrýar


Salih al-Mutlak

Salih al-Mutlak

Yragyň premýer-ministriniň orunbasary Salih al-Mutlak “Al-Kaýdanyň” Yrakda barha artýan güýjine garşy göreşmek üçin milli birligiň zerurdygyny aýdýar.

Mutlak muny sişenbe güni Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň Parhatçylyk institutynda eden çykyşynda aýtdy. Ol şeýle hem terroristlere garşy göreşde Birleşen Ştatlary kömege çagyrdy:

"Şular ýaly pursatlarda Yraga arka durup, oňa kömek etmek şol wagt (2003-nji ýyl) bu ýurda güýç bilen girmegi karar edinen dünýäniň borjy" diýip, ol ýatdy.

Mutlak Yrak Birleşen Ştatlaryň kömegine mätaç, "milli barlyşyk barada dostlaryňyza siziň maslahatyňyz gerek" diýdi.

"Ýaragyň ýeke özi iş bitirip bilenok. Ýarag möhüm, ýöne ol özbaşyna iş bitirip bilenok. Biz utgaşykly hereket edip, Yragyň goşunyny güýçlendirmeli, bir tarapdan-da ýurtda milli barlyşygy döretmeli" diýip, Mutlak aýtdy.

Yragyň howpsyzlyk güýçleri bilen söweşijiler arasyndaky çaknyşyklar soňky hepdelerde güreldi. Mutalgyň edýän çagyryşlarynda göz öňünde tutulýan hem şu ýagdaý.

Yragyň premýer-ministriniň orunbasarynyň Waşingtonda şu gürrüňleri edýän mahalynda, ýurduň merkezi şäherleri bolan Ramadi bilen Fallujahda “Al-Kaýda” bilen ilteşikli söweşijiler Yragyň ýaragly güýçleriniň iki tankyny dargadyp, birnäçe polisiýa stansiýasyny eýelediler.

Azat Yrak radiosy söweşijileriň Ramadide Al-Tubbat polisiýa stansiýasyny gaýtadan ele geçirendigini, şeýle hem şäheriň günorta bölegine kontrollyk edýändiklerini habar berdi.

Anbar welaýatynyň hem käber ýerlerinde hökümet güýçleri we käbir sünni taýpalar bilen “Al-Kaýda” bilen ilteşikli söweşijiler we beýleki sünni taýpalar arasynda barýan söweşler dowam edýär.

Azat Yrak radiosynyň habar bermegine görä, bu welaýatda barýan söweşler zerarly 800-den gowrak maşgala 15 mekdebe gaçyp atypdyr.

"Roýters" habar gullugy hem söweşijileriň iki tanky dargadyp, Fallujanyň demirgazynda ýerleşýän Saklawiýanyň golaýynda bir şaýol köprüsini partladandygyny habar berdi.

Yragyň goşuny günbatar Anbar welaýatynda "Yslam Döwleti Yrak" we "Lewant" toparyna degişli 8 söweşijini öldürendigini aýdýar.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif sişenbe güni, Bagdada eden saparynyň dowamynda, Tähranyň Yragy "terroristlere garşy söweşinde" goldaýandygyny aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG