Sepleriň elýeterliligi

Myrzahmatow göreşmegi wada berdi


Melis Myrzahmatowyň tarapdarlarynyň geçiren protest aksiýasy, Oş, 15-nji ýanwar, 2014.

Melis Myrzahmatowyň tarapdarlarynyň geçiren protest aksiýasy, Oş, 15-nji ýanwar, 2014.

Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän Oş şäherinde gapma-garşylykly syýasatçy Melis Myrzahmatow häkim wezipesine saýlanmak ugrunda çarşenbe güni geçirilen ses berişligiň netijelerine garşy göreşmegi wada berdi.

Melis Myrzahmatow şäheriň kanunçykaryjylarynyň ses berişligini galp diýip atlandyrdy. Saýlawlarda 25 we 19 aralygyndaky ses tapawudy bilen prezident tarapyndan goldanýan dalaşgär Aýtmämmet Kadyrbaýew saýlandy.

Myrzahmatow ses berişlikde aýdyňlygyň bolmandygyny, onuň kanunalaýyk geçirilmändigini aýdyp, “halky aldamak gowulyk getirmez” diýdi.

Şäher geňeşinde Myrzahmatowy goldaýan azlykdaky koalisiýa 22 orna eýe. Ses berişligiň netijesinden çen tutsaň, onda Myrzahmatowyň öz koalisiýasyndan hem üç adamyň Kadyrbaýewiň peýdasyna ses berendigi ýüze çykýar..

Şäher geňeşiniň Myrzahmatowyň “Milletler birligi” atly toparynyň wekilleri özleriniň ses berişligiň netijesine garşy protest bildirýändiklerini yglan etdiler.

Ses berişlik düzgüni

Parlamentiň deputaty we “Ata Meken” partiýasynyň başlygy Ömürbek Tekebaýew AÝ/AR bilen söhbetdeş bolup, ses berişligiň kanuna laýyklykda geçirilendigini aýtdy.

Geçen ýylyň dekabr aýynda prezident Almazbek Atambaýew tarapyndan gol çekilen kanunda Oşuň we Bişkegiň häkimleriniň bu şäherleriň ýerli munisipal geňeşlerinde gizlin ses berişlik arkaly saýlanmalydygy aýdyldy.

AÝ/AR-nyň ýerli habarçysy Myrzahmatowyň 10 müň tarapdarynyň, şol sanda azyndan 80 atlynyň ses berişligiň netijelerine protest hökmünde Oşdaky regional administrasiýa hüjüm etmäge synanyşandygyny habar berdi.

Üç polisiýa ofiseriniň daşlanyp, ýaralanandygy, polisiýanyň bir wekiliniň üýşmeleňde urlup-ýenjilendigi barada habar berildi.

Oşuň regional polisiýasynyň öňki ýolbaşçysy Abdylla Kapparow şäheriň merkezi meýdançasynda Atambaýewiň suratyny ýere zyňyp, ony köpçüligiň öňünde otlady.



Syýasatçy Myrzahmatow

Myrzahmatow öz tarapdarlaryny dargamaga çagyransoň, protestçiler çekildiler. Myrzahmatow ýene 15 günden, howa maýlansoň, “syýasy göreşi dowam etdirmegi” wada berdi.

Myrzahmatow Gyrgyzystanda öňki prezident Kurmanbek Bakyýew bilen gatnaşygy bolan we onuň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň hem öz wezipesinde galan ýeke-täk ýokary derejeli ýolbaşçy bolupdy. Bakyýew 2010-njy ýylda köpçülikleýin protestleriň netijesinde döwlet başyndan agdaryldy.

Gyrgyzystanyň hökümeti Myrzahmatowy syýasy sahnadan çetleşdirmäge köpden bäri ymtylýar. Tankytçylar Myrzahmatowy 2010-njy ýylda Oşda gyrgyzlaryň we özbekleriň arasynda bolan gandöküşikli çaknyşyklaryň öňüni almak üçin ýeterlik çäre görmezlikde aýyplaýarlar. Şol çaknyşyklar zerarly 400-den gowrak adam heläk boldy we müňlerçe adam öz öýlerini terk etmeli bolupdy.

Myrzahmatow Oşuň häkimi wezipesinden dekabr aýynyň başynda çetleşdirildi. Ol munuň öňüsyrasynda hökümete garşy protestlere gatnaşypdy.
XS
SM
MD
LG