Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harkowda türkmen studenti öldürildi


Türkmen studenti Azym Hojamämmedow
Türkmen studenti Azym Hojamämmedow
Ukrainanyň Harkow şäherinde türkmenistanly student öldürildi. 14-nji ýanwarda heläk bolandygy aýdylýan 24 ýaşly Azym Hojamämmedow Harkowyň Ykdysadyýet boýunça döwlet uniwersitetiniň 6-njy kursunda okaýan eken. Uniwersitetiň daşary ýurtly studentler boýunça bölüminiň işgäri Azatlyk Radiosynyň bu habar baradaky soragyny tassyklady, ýöne ol bu waka we studentiň özi barada goşmaça maglumat bermekden saklandy.

Ukrainanyň habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Hajamämmedowy öldürmekde güman edilýän üç adam ele salnypdyr, polisiýa jenaýat işini gozgapdyr. Habar berlişine görä, jenaýatçylyga baş goşmakda güman edilýänler Harkowyň ykdysadyýet boýunça döwlet uniwersitetiniň studentleri we Hojamämmedow bilen bir umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşan, 1994-nji ýylda doglan Maksat Hallyýew, 1993-nji ýylda doglan Azat Jumbaýew hem Hemra Egemberdiýew dagydyr.

Pajygaly waka 14-nji ýanwarda, Harkowyň ykdysadyýet boýunça döwlet uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda, agşam sagat 10 töwereginde bolupdyr.

Derňewiň ilkinji netijelerine görä, Hojamämmedow budundan pyçaklanyp, onuň gan damaryna zeper ýetipdir. Biraz soň köp gan ýitirendigi sebäpli ýogalypdyr.

Ukrain metbugaty, bile okan ýoldaşlaryna salgylanyp, Azym Hojamämmedowyň “örän bilim-sowatly, ors dilini gowy bilýän” we “açyk hem hoşgylaw” adam bolandygy, özbaşdak gazanç etmäge synanyşandygy barada habar berdi.

Harkowyň Ykdysadyýet boýunça döwlet uniwersitetinde 6-njy kursda okan Azym Hojamämmedowyň okuwyny tamamlap, eline diplom almagyna bary-ýogy bir aý wagt galypdyr.

Ukrainanyň habar beriş serişdelerinde çap bolan käbir maglumatlarda Azym Hojamämmedowyň türkmenistanly ýokary wezipeli resminiň oglydygy aýdyldy.

Harkowyň Dzeržinsk raýonynyň polisiýa bölüminiň derňewçileri Ukrainanyň Jenaýat kodeksiniň 121-nji maddasy boýunça jenaýat işini gozgadylar, madda laýyklykda bilkastlaýyn agyr şikes ýetirmekde günäli tapylanlara 10 ýyl türme möhleti garaşýar.
XS
SM
MD
LG