Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Ýesir amerikan esgeriniň wideosy peýda boldy


ABŞ-nyň resmileriniň Owganystanda bäş ýyl mundan ozal “Talybanyň” söweşijileri tarapyndan ýesir alynan amerikan esgeriniň täze wideosyna eýe bolandygy barada habar berildi. Resmileriň aýtmagyna görä, olar ABŞ-nyň goşun seržanty Bowe Bergdalyň wideosynyň geçen aýda düşürilendigini hasap edýärler. Aýdylyşyna görä, wideoda onuň diridigi, emma saglyk ýagdaýynyň özalky wideo ýazgysyna garanda ýaramazlaşandygyny görkezýär.

Bergdalyň maşgalasy wideo barada özleriniň çarşenbe güni habarly bolandygyny mälim etdi. Bergdal Owganystanda “Talyban” tarapyndan 2009-njy ýylyň iýun aýynda tussag edilipdi. Häzirki wagtda onuň Pakistanyň bir ýerinde saklanýandygy çak edilýär.

“Talyban” Bergdaly boşatmak üçin ABŞ-nyň Kubadaky “Guantanamo” türmesinde saklanýan “Talybanyň” ençeme baş agzalarynyň boşadylmagyny isleýär.
XS
SM
MD
LG