Sepleriň elýeterliligi

Amerikan senaty ukrain krizisini maslahatlaşýar


 Kiýew, Ýewromaýdan, 9-njy ýanwar, 2014.

Kiýew, Ýewromaýdan, 9-njy ýanwar, 2014.

Amerikan senatynyň daşary işler komitetiniň Ukrainada barýan syýasy krizis hakda pikir alşan güni Ukrainanyň bir sudy Kiýewiň merkezinde köpçülikleýin protestlere gadagançylyk giriziendigini yglan etdi.

Kiýewiň merkezi noýabr aýynyň aýaklaryndan bäri müňlerçe adamyň ýygnanyşyp, hökümete garşy demonstrasiýa geçirýän ýerine öwrüldi.

"Üýşmeleňler gadagan edilmeli"

Kiýewiň sudy şäheriň resmileriniň 8-nji marta çenli köpçülikleýin üýşmeleňleriň gadagan edilmegi barada eden haýyşy bilen ylalaşypdyr.

Suduň 8-nji ýanwarda çykaran karary ýaňy, çarşenbe güni neşir edildi. Kararda bellenmegine görä, protest üýşmeleňlerinde ses gataldyjy, plakat ulanmak, çadyr we sahna gurmak ýa tuty tutmak gadagan.

Suduň karary şu wagt hem demonstrasiýa geçirýän adamlaryň arasyna basym polisiýa gelip, protest lagerini söküp taşlar biler diýen gorkyny oýardy.

Ýöne Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Ukrain gullugynyň habar bermegine görä, protestçileriň garşysyna polisiýa tarapyndan entek edilen iş ýok.

Prezident Wiktor Ýanukowiçiň Orsýet bilen aradaky gatnaşyklary güýçlendirmek üçin Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn syýasy we söwda ýaranlygyna meýil görkezmänligi netijesinde ilkinji protestleriň turan ýerinde, Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdanynda şu wagt hem müň çemesi adam bar.

Ýüz müňlerçe adamyň gatnaşan öňki protestlerine Ýewropa Bileleşiginden, şeýle hem Birleşen Ştatlardan ýokary derejeli resmiler bardy.

Waşington zorluga garşy

Çarşenbe güni Waşingtonda Amerikanyň Döwlet deparmentiniň Ýewropa we Ýewraziýa boýunça kömekçi sekretary Wiktoria Nuland Waşingtonyň Ukrainadaky syýasy krizisiň polisiýa ýa demonstrantlar tarapyndan zorluk ulanylman çözülmegini isleýändigini aýtdy:

"Ukrain halkynyň uly böleginiň isleýşi ýaly, Birleşen Ştatlar we biziň Ýewropa Bileleşigindäki ýaranlarymyz häzirki dawanyň syýasy, demokratik, ilkinji nobatda hem parahatçylykly çözülmegini isleýär. Parahatçylykly diýilmegi deň derejede hem hökümete, hem-de protestçilere degişli. Biz pitneçileiň 10-njy ýanwarda Kiýewde bir suduň daşynda eden işlerini ýazgarýarys. Ýöne hökümetiň howpsyzlyk güýçleriniň we olaryň adamlarynyň alyp baran zorlukly hem repressiw işleri bizi ukrain hökümetine bir zady hem açyk, hem-de hususy görünşde mälim etmäge mejbur etdi. Urainada ýokary orunlarda oturanlar öz raýatlarynyň garşysyna güýç ulansalar ýa beýlekileri bu işlere iterseler, bir öz elimizdäki giň gerimli mümkinçiliklerden peýdalanmak barada oýlanarys".
XS
SM
MD
LG