Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oş: Täze häkim düzgüni saklajagyny aýtdy


Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän Oş şäheriniň täze saýlanan häkimi bikanunçylyklara ýol bermejegini mälim etdi. Aitmamat Kadyrbaýew AÝ/AR-sy bilen penşenbe günki söhbetdeşliginde “häkimiýeti eýelemäge” çagyrýanlaryň bu planlarynyň amala aşyrylmagyna hiç wagtda ýol berilmejegini aýtdy.

Oşyň gapma-garşylykly öňki häkimi Melis Myrzakmatowyň 10 müňe golaý tarapdary çarşenbe güni protest geçirdiler we häkim wezipesine geçirilen saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýtdylar.

Saýlawlarda ýeňilen Myrzakmatow ýakyn wagtda “hakyky syýasy göreşi” başlamak palanyny yglan etdi.

Oş şäheriniň polisiýa departamentiniň metbugat-wekili Jeniş Aşirbaýew çarşenbe güni polisiýa hüjüm etmek we prezident Almazbek Atambaýewiň suratyny otlamak boýunça derňew işleriniň gozgalandygyny AÝ/AR-na aýtdy.

2010-njy ýylda etnik özbekleriň we gyrgyzlaryň arasynda gandöküşikli çaknyşyklaryň bolan döwründe Oşyň häkimi bolan Myrzakmatow geçen ýylyň dekabr aýynda premýer-ministr Jantoro Satybaldiýewiň permany bilen wezipesinden boşadyldy.
XS
SM
MD
LG