Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky ýowuzlyklarda 73 adam öldi


Bagdatda partladylandan ulagdan soňky ýagdaý

Bagdatda partladylandan ulagdan soňky ýagdaý

Çarşenbe güni Yragyň dürli künjeklerinde bolan partalamalarda we ok atyşyklarda azyndan 73 adam öldi. Bu ýurtda şu aýyň dowamyndaky iň gandöküşikli günleriň biri boldy.
Bagdadyň demirgazygyndaky durnuksyz Diýala welaýatynyň Buhriz obasyndaky jynaza çadyrynyň içinde ýerleşdirilen bombanyň partladylmagy netijesinde azyndan 16 adam öldi. Bu şol günüň dowamynda bolan iň pajygaly wakalaryň biridi.
Şol wakadan gysga wagt soň Bagdadyň şaýy musulmanlarynyň köpçülikleýin ýaşaýan ýerinde bir minut aratapawut bilen partladylan azyndan ýedi ulag partlamasynda hem 23 adam heläk boldy.
Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Mosul şäheriniň Ain al-Jahaş sebitinde hem hüjümçiler armiýanyň ulag kerweni geçip barýarka köprini partlatdylar. Bu wakada-da alty sany adam öldi, ýene sekiz sanysy hem ýaralandy. Olaryň arasynda asuda ilatdan hem raýatlar bar.
Şeýle-de Bagdadyň çetindäki şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan Maamil etrabynda ýaragly adamlar ýük ulaglarynyň ýedi sany sürüjisini öldürdiler.
Uruşlar möwjedi
Bu arada durnuksyz Anbar welaýatynda bir tarapda polisiýa we sünni tire-taýpalaryndan ybarat, beýleki tarapda-da “Al-Kaýda” bilen ilteşikli söweşijilerdir beýleki sünni tire-taýpalaryndan ybarat toparlaryň arasyndaky uruşlar möwjedi.
Bu uruşlar Anbar welaýatynyň Ramadi şäheriniň günortasynda we günbatarynda hem-de onuň golaýyndaky Falluja şäherinde bolýar.
Uruşlar ylaýta-da Al-Taamim etrabynda ýowuz boldy. Ýurduň howpsuzlyk güýçleri bu territoriýanyň kontrollygyny söweşijileriň we olaryň ýakyn ýaranlarynyň elinden yzyna alandygyny aýdýarlar.
Şäherleri terk etdiler
Ramadili maşgalalaryň köpüsi uruş hereketlerinden gaça durmak üçin öz şäherlerini terk etdiler we häzirki wagtda takmynan 1 müň 800 adam bu ýerdäki mekdeplerde galýar.
Falluja şäheriniň demirgazyk-günbataryndaky Saklawiýa obasynda ýurduň howpsuzlyk güýçleri polisiýa merkeziniň kontrollygyny ele aldylar we barlag nokatlaryndaky söweşijileri ele saldylar.
Şeýle-de Yragyň harbylary söweşijileriň Fallujanyň gündogaryndaky pozisiýalaryna garşy hem howadan reýdleri geçirdiler. Harbylaryň berýän maglumatyna görä, reýdlerde ýaragly söweşijilerden 11 adam öldürilipdir.
Bu aralykda Birleşen Milletler Guramasynyň 12 sany ulagy Falluja şäherine bardy. Bu ulaglarda parahat raýatlara paýlamak üçin azyk önümleri, ýag-ýangyç we beýleki gerek-ýarak zatlar eltildi.
Anbar welaýatyndaky zorluklar mundan 15 gün ozal “Al-Kaýda” bilen ilteşikli söweşijiler Ramadi şäheriniň bir bölegini we Falluja şäheriniň kontrollygyny öz ellerine alanlaryndan soň başlandy. Munuň öňüsyrasynda bolsa hökümet goşunlarynyň baştutanlary sünni protestçileriniň bu ýerdäki lageriniň dargadylmagy we parlamentiň sünni agzalarynyň tussag edilmegi zerarly gahar-gazaba münen ýerli ýaşaýjylaryň ýüzlenmesine gulak asmakdan ýüz öwürdi.
XS
SM
MD
LG