Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: Ablýazow ekstradisiýa garşy


Gazagystanly gaçgak bankir Muhtar Ablýazowyň aklawçysy öz müşderisiniň başga ýurda ekstradisiýa edilmegine ýol berýän Fransiýanyň kararyna närazylyk bildirdi.

Fransiýanyň günortasyndaky Aiks-en Prowense şäheriniň sudynyň geçen hepdede çykaran kararynda Ablýazowyň Orsýete ýa Ukraina ekstradisiýa edilip bilinjekdigi aýdyldy.

Ablýazowyň aklawçysy Bruno Rebstok AÝ/AR bilen penşenbe güni söhbetdeş bolup, Ablýazowyň şu hepdede suduň kararyna garşy arza ýazandygyny aýtdy. Aklawçy Ukrainada we Orsýetde Ablýazowyň işine kanun esasynda çemeleşiljegine kepiliň ýokdugyny we onuň soňundan ýene-de Gazagystana iberilmek howpunyň döreýändigini belledi.

Ablyazow geçen ýylyň iýul aýynda tussag bolaly bäri Fransiýanyň türmesinde saklanýar. Şol bir wagtda-da Ukraina we Orsýet onuň özlerine berilmegini talap etdiler. Ablýazow Gazagystanyň BTA bankyndan 6 milliard dollar ogurlamakda aýyplanýar. Ablýazow özüne garşy ýöňkelýän bu aýyplamanyň syýasata esaslanýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG