Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hususylaşdyrma halk bähbidine bolarmy?


Döwlet eýeçiligindeki dokma senagatyndan gurnalan sergiden bir görnüş. Aşgabat, 2012.
Döwlet eýeçiligindeki dokma senagatyndan gurnalan sergiden bir görnüş. Aşgabat, 2012.
Türkmenistanda indi 4-nji gezek hususylaşdyrma kanuny kabul edilip, ýene bir gezek döwlet emlägini husysyýetçileriň eline geçirmek, ykdysady dürlüligi köpeltmek barada alada edilýär. Bu kanun 1-nji iýulda güýje girýär.

Emma bu işiň aýdylyşy ýaly adalatly, raýatlaryň deňligini üpjün etmek bilen geçiriljegine şübhe bildirýänler hem bar.

Ozalky SSSR-iň düzümine giren respublikalaryň hususylaşdyrma tejribelerinden, şol sanda Türkmenistandaky öňki tejribelerden çen tutulsa, bu meselede sapak edinmeli ýalňyşlaryň az bolmandygy bellidir.

Azatlyk Radiosynyň bu tema bagyşlap guran “Tegelek stol” söhbetdeşligini diňläp, pikir-bellikleriňizi aýtsaňyz, hoşal bolarys.

XS
SM
MD
LG