Sepleriň elýeterliligi

Ýaşlar we türkmençäniň türkçe bilen garyşdyrylmagy


Kitaplara seredip duran türkmen gyzy

Kitaplara seredip duran türkmen gyzy

Geçen bir asyryň dowamynda türkmen dili dürli tapgyrlary başdan geçirdi. Bir döwür türkmen dili arap we pars sözleriniň hasabyna baýlaşdyrlan bolsa, sowet döwründe bu ýagdaý rus dili mysalynda gaýtalandy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa esasan türkmen dilinde gürleýän ýaslaryň arasynda türk sözlerini, ýagny Türkiýede ulanylýan aňlatmalaryň has köp ulanylyp başlanandygyna şaýat bolýarys.
Munuň sebäpleri barada aýdylanda, Türkiye bilen Türkmenistanyň aragatnaşygynyň ýygjamlaşmagy, Türkiýede okaýan we işleýän raýatlaryň köpelmegi, şol bir wagtda türk telewideniýesiniň Türkmenistanda meşhurlaşmagy barada gürrüň edip bolar.
Käbirleri bu ýagdaýyň, bir tarapdan türkçäniň gowy bilinmegine mümkinçilik döredýändigini aýtsa, ikinji tarapdan türkmen dilinde türkçe aňlatmalaryň, şol bir wagtda türkmen diliniň ýazuw düzgünlerine, gepleşik düzgünlerine o diýen gabat gelmeýän söz gurluşlarynyň köpelmegine getirýändigini aýdýarlar.
Elbetde, diliň ýyl-ýyldan kämilleşdirilmegi üçin, düşnükli bolan käbir sözleriň beýleki dillerden alynmagynyň tarapyny çalýan alymlar hem bar. Eýsem, ýaşlaryň arasynda türkmençe bilen türkçäniň garyşdyrylyp gürleşilmegine siz nähili garaýarsyňyz? Bu barada ýaşlar näme pikirde?
Täze Tolkunyň nobatdaky gepleşiginde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.
Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG