Sepleriň elýeterliligi

Prezidentiň eserleri çagalara öwredilýär


Türkmen gyzlary G.Berdimuhamedowyň awtorlygyndaky kitaby tutup dur, Aşgabat

Türkmen gyzlary G.Berdimuhamedowyň awtorlygyndaky kitaby tutup dur, Aşgabat

Türkmenistanda prezident G.Berdimuhamedowyň awtorlygynda çykan we onuň özi hakynda ýazylan kitaplaryň birnäçesiniň orta mekdepleriň okuwçylaryna öwredilip başlanandygy aýdylýar.

Mysal üçin, türk metbugatynda çap bolan maglumatlarda şu okuw ýylynyň ikinji ýarymyndan okuw programmasyna girizilen eserleriň arasynda G.Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” we “Janly rowaýat” ýaly kitaplarynyň atlary agzalýar.

Şeýle-de, türkmen prezidenti barada ýazylan “Ata arzuwyny amal eden agtyk” atly kitabyň we Gözel Şagulyýewanyň prezidenti wasp edip ýazan odalarynyň we goşgularynyň hem çagalara sapak hökmünde okadyljakdygy barada habar berilýär.

Gyşky kanukul döwründe okuw programmasyna girizilen diýilýan üýtgeşiklige görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary dördünji klasdan başlap öwredilip başlanar. Bu täzelik baradaky habarlarda täze girizilen sapaklara her çärýekde 7-10 sagat beriljekdigi bellenilýär. Emma Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw programmasyna girizilendigi aýdylýan bu üýtgeşiklik barada ýurduň resmi habar beriş serişdelerinde maglumat berilmedi.

Türkmenistanda döwlet baştutanynyň eserleri boýunça mekdeplerde sapak bermek tejribesi 2001-nji ýylda başlanypdy. Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnama” kitaby hökmany okadylýan okuw sapagy hökmünde ýurduň okuw programmasyna girizilipdi.

G.Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçmegi bilen “Ruhnama” sapaklarynyň sany yzygiderli azaldyldy we 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw programmasyndan doly aýryldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG