Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Gar gaplaňy surata alyndy


Tebigaty öwrenijiler Özbegistanda azyndan iki sany gar gaplaňynyň surata düşürilendigini aýdýarlar. Munuň ýitip gitmek howpy astyndaky bu gaplaňlaryň ýurtda bolmagyny tassyklaýan ilkinji suratdygy bellenýär.

Penşenbe güni Pantera guramasynyň we Ýabany dünýä fondynyň (WWF) aýtmagyna görä, gaplaňlar Hissar atly tebigy goraghanada ýerleşdirilen kameralara 2013-nji ýylyň aýagynda surata düşürilipdir.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde bu ýerde başga-da ýyrtyjy haýwanlaryň we beýleki dürli haýwanlaryň, şol sanda geçileriň, ýekegapanlaryň we towşanlaryň bardygy tassyklanypdyr. Gar gaplaňlarynyň suraty bu ýabany pişigiň doly ýitip gitmejegine bar bolan umytlary güýçlendirdi , diýip guramalaryň beýannamasynda bellenýär.

Aziýanyň 12 ýurdunda bar bolan gar gaplaňlarynyň sany 3.500 we 7000 aralygynda. Olar bikanun awçylaryň nyşanyna düşýärler. Brakonýerler gar gaplaňynyň derisini bir müň amerikan dollaryna satýarlar.
XS
SM
MD
LG