Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: Huşow türmä höküm edildi


Tajigistanyň sudy ýurtda gadagan edilen “Hizb-ut-Tahrir” yslamçy toparynyň agzasyny 12 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Duşenbäniň şäher sudunyň resmileriniň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, anna günki sud diňlenişiginde Şarifhoja Huşow “Hizb-ut-Tahririň” agzasy bolmakda günäli tapylypdyr.

Duşenbäniň ýaşaýjysy bolan Huşow geçen ýylyň oktýabr aýynda ekstremizmi propaganda etmek bilen baglylykda tussag bolupdy. Düýbi Londonda ýerleşýän “Hizb-ut-Tahrir” sünni musulman we syýasy gurama bolup, musulman döwletlerinden yslam halyfatyny döretmek maksadyny öz öňünde goýýar.

Täjigistanyň hökümeti we öňki söwet respublikalarynyň beýlekileri bu topary gadagan etdiler we ony “ekstremistleri” goldamakda aýypladylar. Resmi statistika görä, geçen ýylda Täjigistanda “Hizb-ut-Tahrir” guramasynyň agzalary bolmakda aýyplanyp 15 adam tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG