Sepleriň elýeterliligi

Baku: Uly möçberde ýarag tapyldy


Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda hapa zyňylýan gapyrjaklaryň ençemesinde uly möçberde ýarag, ok-däriler we partlaýjy serişdeler tapyldy.

Bakunyň şäher polisiýasynyň aýtmagyna görä, kanun goraýjylar ýaraglary anna güni bir adam hapa zyňylýan gapyrjakda partlaýjy serişdeleriň bardygyny habar berensoň tapypdyrlar.

Munuň yzýany polisiýa golaýdaky hapa taşlanýan gapyrjaklaryň ýene birnäçesini barlap, ol ýerde 130 sany harby granatany, altynil granatomýoty, 24 sany AK-27 awtomatyny, iki sany mergen tüpeňini, bir pulemýoty, aw tüpeňini we uly möçberde ok därileri, şol sanda tanklara garşy minany tapypdyrlar.

Bu tapyndylaryň anyklanan ýeri polisiýa tarapynda gabaldy, häzir derňewler geçirilýär.
XS
SM
MD
LG