Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýlandda protestçilere hüjüm edildi


Taýlandda hökümete garşy çykyş edýän protestçilere atylan partlaýjy serişde 30-dan gowrak adamy ýaralady.

Bu waka anna güni hökümetiň tankytçysy Suthep Thaugsubanyň ýolbaşçylygyndaky protest ýörişiniň Bangkokyň aşaky böleginde ýerleşýän uniwersitetiň golaýyndan geçen wagty ýüze çykypdyr.

Ýörişiň ýolbaşçysy partlamanyň bolan ýerinden 30 metr uzaklykda bolupdyr we ýaralanmandyr. Partlamany kimiň amala aşyrandygy derhal mälim bolmady, emma bu waka ýurtda eýýäm bir aýa golaý wagt bäri dowam edýän syýasy krizis bilen bagly dartgynlylygy hasam güýçlendirdi.

Protestçiler ýurduň premýer-ministri Ýingluk Şinawatranyň häkimiýet başyndan çekilmegini talap edýärler. Protestçiler ony korrupsiýada we öz dogany Taksin Şinawatranyň täsiriniň astynda bolmakda aýyplaýarlar. Taksin Şinawatra hem Taýlandyň premýer-ministri bolupdy we 2006-njy ýylda korrupsiýada aýyplanyp harbylar tarapyndan häkimiýet başyndan çetleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG