Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Täze kanun tankytlandy


Ukrainada protestleri çäklendirýän kanunyň güýçlendirilmegi halkara derejesinde berk tankyt edildi. Ýewropa Bileleşigi we ABŞ bu ýagdaý bilen baglylykda “çuňňur aladalanma” bildirdiler.

Penşenbe güni parlament tarapyndan tassyklanan täze kanun köçe protestlerini çaklendirýär we häkimiýet başyndaky syýasy partiýanyň agzalarynyň köpçüliginde bolan parlamentiň eldegrilmezlik mümkinçiligini güýçlendirýär.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Katrin Aşton bu kanunyň “Ukrainanyň raýatlarynyň esasy hak-hukuklaryny çäklendirýändigini” aýtdy. ABŞ-nyň Döwlet departamenti täze kanunyň Ukrainanyň demokratik kadalaryny berjaý etmek borçlaryny şübhe astyna goýýandygyny nygtady.

Ukrainanyň oppozision lideri Witaliý Kliçko Ukrainada diktaturanyň “güýçlenýändigini” belledi. Ukrainanyň parlamentiniň agzasy Anatoliý Hrytsenko özüniň wezipesinden çekilýändigini “Faceebok” arkaly habar berdi. Hrytsenko Ukrainany Demirgazyk Koreýa bilen deňeşdirdi.

Ukrainanyň öňki premýer-ministri häzir tussaglykda saklanýan Ýuliýa Timoşenko oppozisiýany täze kanunyň güýje girmegine ýol bermezlige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG