Sepleriň elýeterliligi

Damask ok atyşygy togtatmaga taýýar


Siriýa gozgalaňçylar bilen tussaglary çalyşmak mümkinçiligi üçin sanawy taýýarlaýandygyny aýtdy.

Siriýanyň Daşary işler ministri Walid Muallem bu barada anna güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Moskwada geçiren gepleşikleriniň yzýany aýtdy. Şeýle-de Muallem Siriýanyň iri şäheri bolan Allepoda ok atyşygy togtatmak boýunça planyň Orsýete tabşyrylandygyny aýtdy.

Orsýetiň we Siriýanyň arasyndaky duşuşyklar indiki hepdede Siriýa boýunça geçiriljek halkara konferensiýasynyň öňüsyrasynda geçirildi. Siriýanyň syýasy oppozisiýasy anna güni Stambulda duşuşyk geçirýär we 22-nji ýanwarda Sweýsariýada boljak halkara konferensiýasyna gatnaşyp-gatnaşmazlyk planlaryny maslahat edýär.

Siriýanyň Milli koalisiýasyna onuň konferensiýa gatnaşmagy ugrunda ABŞ we onuň ýaranlary tarapyndan basyş edilýär.
XS
SM
MD
LG