Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain parlamenti kanun arkaly basyş edýär


Ukrainanyň hökümet tarapdary kanunçykaryjysy Wladimir Malyşew parlamentde bolan çaknyşyklarda ýaralandy. 16-njy ýanwar, 2014 ý.
Ukrainanyň hökümet tarapdary kanunçykaryjysy Wladimir Malyşew parlamentde bolan çaknyşyklarda ýaralandy. 16-njy ýanwar, 2014 ý.
Ukrainanyň parlamenti köçe protestçileriniň mümkinçiliklerini berk çäklendirýän antiprotest mazmunly kanun taslamasyny kabul etdi.
Bu taslamanyň ýene bir aýratynlygy bar. Ol häkimiýetiň düzümine girýän partiýalaryň deputatlaryny-da, eger olar düzgüni bozsalar, onda olaryň deputatlyk eldegirilmesizliginiň ýatyrylmagyny ýeňilleşdirýär.
Penşenbe güni parlamentde kabul edilen bu kanun taslamasynyň Ukrainada demokratiýa howp salýandygy aýdylýar we ol eýýäm hatda Ýewropa Bileleşigidir Ýewropa resmileri tarapyndan hem dessine tankyt edildi.
Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainadaky wekili Ýan Tombinski bu çäreleriň elektronik usullary ulanmazdan, el galdyrmak arkaly kabul edilendigini belledi. Bu bolsa parlamentde kanunlaryň demokratik usulda kabul ediliş düzgünlerine gabat gelmeýär.

Azatlygyň çäklendirilmegi
Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt bu kanun taslamalary azatlygy ýiti çäklendirýär diýdi.
Täze düzgünlere laýyklykda, köpçülikleýin ýerlerde, rugsat berilmezden çadyrlary gurnanlara, ýörişleri geçirenlere 640 amerikan dollaryna çenli pul jerimesi salnyp bilner ýa-da olar 15 gün türme tussaglygna höküm edilip bilner.
Şeýle-de rugsat berilmedik ýygnaklary zerur serişdeler we şertler bilen üpjün eden adamlara we guramalara 1 müň 275 amerikan dollary möçberinde pul jerimesi salnyp bilner ýa-da olar 10 güne çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilner.
Penşenbe güni hökümetiň tarapyndaky syýasatçylar ilaty protestlerden goramak üçin zerur diýip, täze çäreleri goldap çykyş etdiler. Olar protestleriň ilatyň howpsuzlygyna hem-de kommunal edaralaryň talabalaýyk işleýşine howp salýandygyny aýdýarlar.
Ukrainanyň häkimiýetdäki “Regionlar partiýasynyň” deputaty we täze kanun taslamasynyň awtorlarynyň biri Wadim Kolesniçenko AÝ/AR-nyň Ukrain gullugyna şeýle maglumat berdi: “Parahatçylykly protestler ýurduň Konstitusiýasy we degişli kanunlar arkaly goralýar. Ilat üçin howply ýagdaýy döredýän parahatçylykly demonstrasiýalar däl. Döwlet organlarynyň ýa-da guramalaryň işleýşini güýçden gaçyrmaýan parahatçylykly demonstrasiýalara, piketlere hökümetiň ýörite üns bermegi-de gerek bolmaýar” diýip, Kolesniçenko aýtdy.
Ýöne Adam hukuklaryny goraýan aktiwistler we oppozision liderler ukrain parlamentiniň kabul eden täze kanun taslamasynda göz öňünde tutulan çäreler hökümeti tankyt edýänleri döwletiň duşmanlary hökmünde nyşana almagy aňsatlaşdyrýar diýýärler.

"Daşary ýurt agenti bolýarys"
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist Arkadiý Buşenko Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda şeýle diýdi: “Eger-de men [Wadim] Kolesniçenko halkyň bähbidine garşy hereket edýär diýsem, onda bu meniň tarapymdan edilen bir syýasy iş bolýar. Haçan-da biz olardan “türmedäki adamlary gynamagy bes etmegi” sorasak, onda bu hökümetiň syýasatyna garyşmak diýip häsiýetlendirilýär. Eger-de biziň jübimizde birnäçe dollar bolsa, onda biz eýýäm daşary ýurt agenti bolýarys”.
Ukrainanyň oppozision syýasatçysy Witaliý Kliçko Kiýewde protestçilere ýüzlenip eden çykyşynda täze çäreler barada öz pikirini şeýle mälim etdi: “Şu gün parlamentde bolan wakalardan soňra, başdansowma täze kanuna görä, mundan beýläk adamlara meýdanlarda galmaga rugsat berilmeýär. Parlamentde adamlar raýat hukuklaryndan we azatlygyndan mahrum edildi. Mundan beýläk adamlara çadyrlary gurmaklyga rugsat berilmeýär. Şeýle-de adamlara kazylaryň bidüzgünçiligi barada gürlemäge rugsat berilmeýär. Häzirki wagtda Ukrainada ýaýbaňlanýan diktaturanyň arkasyndaky duran şahsyýet – Wiktor Ýanukowiç”.
Penşenbe güni Ukrainanyň parlamenti ýurduň Jenaýat Kodeksiniň düzümine hem üýtgetmeleri girizdi. Jenaýat Kodeksine girizilen bu üýtgetmeler töhmet üçin jogapkärçiligi güýçlendirýär we tankytdan goramak üçin hökümet resmilerini goşmaça goraglar bilen üpjün edýär.
XS
SM
MD
LG