Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


"Twitter" sosial ulgamynyň logotipiniň öňünde telefonda hat alyşyp duran iki adamyň kölegesi.

"Twitter" sosial ulgamynyň logotipiniň öňünde telefonda hat alyşyp duran iki adamyň kölegesi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen ýaşlary sosial ulgamlarda her gün dürli-dürli temalary gozgaýarlar. Bu hepde bu baradaky gürrüňimize Twitter sosial ulgamy bilen başlasym gelýär.

Türkmenistanda Twitter sosial ulgamynyň soňky bir aýa golaý wagtyň dowamynda açylyp-ýapylyp durandygy, ýagny birde onuň öňüniň böwetlenýändigi, birde-de ýene böwediň aýrylýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Bu baradaky maglumatlar bu ulgamyň agzalarynyň arasynda hem dürli tweetleriň paýlaşylmagyna sebäp bolupdyr. Twitteriň Hanym atly agzasy “Whatsapp, Viber, Wechat...ýene-ýeneler. Soňunda #twitteri ýapdylar. “Kakaotalk”-y unutdyñyz adamlar. Onam ýapyñ. VPN-laram ýapyñ” diýip, soňky döwürde Türkmenistanda açylyp-ýapylýan ýa-da dolulygyna ýapylýan internet programmalary baradaky garaýyşlaryny beýan edipdir.
“Vkontakte”
“Vkontakte” sosial ulgamynda soňky döwürdäki türkmen toýlary, wideoklipleri ýa-da degişmeleri baradaky wideoýazgylara uly gyzyklanma bilen tomaşa edilýär. Bu wideoýazgylaryň arasynda türkmenistanly oglanyň dagystanly gyz bilen durmuş toýuny edişi, şeýle-de Türkmen drama teatrlarynda ýazga düşürlen degişmeler bar.
“Vkontaktede” bu ulgamyň agzalary tarapyndan uly gyzyklanma döreden wideoýazgylaryň biri hem Kakajan Rejebow bilen Nazir Habibowyň ýazga düşüren wideoklibidir. Bu klip sosial ulgamyň “Türkmen sungat älemi” atly topary tarapyndan 12-nji ýanwarda paýlaşylypdyr. Balkan welaýatynyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynda ýazga düşürilen bu klipde Rejebow we Habibow “Opa-opa” atly aýdymy ýerine ýetirýärler.
Bu aýdym sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredene çalym edýär. Muny paýlaşylan gününden tä 17-nji ýanwara çenli wideoklibiň aşagynda galdyrylan 42 teswirden hem aňsa bolýar. Diňe teswirden däl, wideoklibiň aşagynda galdyrylan 394 sany halandy alamatyndan hem aňmak mümkin. Bu klibi agzalaryň 81 sanysy hem gaýtadan paýlaşypdyr.
Arzuw Töräýewa, Berdimyrat Hudaýnazarow, Süleýman Nyryýew, Jemal Gurdowa, Şöhrat Amannyýazow, Azat Bahramow, Aman Amanow, Meýlis Mahmedow we Firuza Wepaýewa ýaly agzalar wideoklibi halap, öz teswirlerini galdyrypdyrlar.
“Ertir.com”
“Ertir.com-da” Mojahed atly agzanyň “Iliň agzyny-ha ýumduryp bolanok (hem sapak ediniň, hem ýylgyrarsyňyz)” atly temasy bu ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. 12-nji ýanwarda gozgalan bu tema 17-nji ýanwara çenli jemi 844 sapar okalypdyr. Bu tema 25 sapar halanyp, oňa 57 sany teswir gelip gowşupdyr.
Bu temada gozgalýan gürrüň näme baradaka diýip, soramagyňyz mümkin. Temada Mujahed atly okyjy: “Ynsan näme etse-de, beýleki ynsanlaryň gürrüňinden-ä çykyp bilenok. Isle gowy zat etsin, isle erbet zat etsin. ‘Çuwal agzyny bogup bolmaz, il agzyny ýygyp bolmaz’ diýleni-dä” diýip, adam näme etse-de, oňa daş-töweregindäki adamlardan oňyn ýa-da oňaýsyz dürli gep-gürrüňleriň gelip biljekdigini aýdýar.

Mujahed atly agza temanyň soňunda: “Dogrusy, diýjek bolýanym durmuşda biriniň göwni üçin ýa-da gürrüňi üçin däl-de, öz maksatlarymyz boýunça ýaşamaly” diýip, sözüni jemläpdir.
Muňa Sweetie ady bilen teswir galdyran agza: “Näçe adam bolsa, şonça hem pikir bolýa diýleni. Köp okadym muny” diýip, öz pikirini goşupdyr. Ärsaryşka93 atly agza bolsa bu tema boýunça: “Köplerde gabat gelýän bolsa gerek, ýöne hiç haçanam iliň göwnünden turup bolmaýar, şonuň üçinem özüň üçin ýaşamaly. Edýän işiňi oýlanyp, pikirlenip etmeli, il näme diýse, şony diýsin "Il agzy irik " diýýärler” diýip, öz garaýşyny ýazyp, ony-da nakyl bilen delillendiripdir.
XS
SM
MD
LG