Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Girdeji deňsizligi hatarlymy?


Aşgabat, "Teke" bazarynyň girelgesindäki satyjylar. 10-njy ýanwar, 2014.
Aşgabat, "Teke" bazarynyň girelgesindäki satyjylar. 10-njy ýanwar, 2014.
Dünýä Ykdysadyýet forumynyň «Global töwekgellikler - 2014» atly hasabatynda dünýäniň şu ýyl ýüzbe-ýüz boljak iň uly töwekgelliginiň girdejileriň arasyndaky deňsizlik, ýagny gurply adamlar bilen o diýen gurply bolmadyk maşgalalalaryň aratapawudynyň ulalmagy bilen baglydygy öňe sürülýär.

Türkmenistanda hem garaşsyzlyk ýyllarynda, bazara geçilmegi we beýleki sebäpler esasynda, maşgalalaryň girdeji tapawudynyň üýtgändigi aýdylýar.

Aýdaly, sowet ýyllarynda ýurduň dürli regionlaryndaky maşgalalar, umuman, bir gyradeňräk girdeji alan bolsalar, soňky iki onýyllykda oba ýerlerinde, çetde ýa gyrak-bujakdaky etraplarda ýaşaýan adamlaryň maşgalasyna gelýän girdejileriň biraz azalandygy aýdylýar.

Elbetde, bu Türkmenistanyň oba hojalygynda dörän ýagdaý, S.Nyýazowyň «Täze oba syýasaty» diýilýäniň netijeleri, emele gelen işsizlik, giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa bilen hem bagly hasaplanýar.

Şonuň bilen birlikde, şäherlerde, hatda paýtagtda hem adamlaryň girdeji tapawudynyň ulalandygy, ýagny umumy köpçülik bilen deňeşdirilende has gurply maşgalalaryň göze ilip başlandygy aýdylýar.

Mundan başga, wezipeli adamlaryň bir toparynyň öz ygtýarlyklaryndan nädogry peýdalanmagy, telekeçilik, biznes şertleriniň deň bolmazlygy, käbir adamlaryň artykmaç hukuklaryndan peýdalanmagy hem adamlaryň girdeji tapawudyna täsir ýetirýär diýip hasaplanýar.

Eýsem Türkmenistanda maşgalalaryň girdeji tapawudy nähili? Bu tapawut nämelerden görünýär we oňa esasan nähili ýagdaýlar täsir edýär?

Bu tapawut ýurt üçin nähilidir bir töwekgellik hasaplanylyp bilnermi ýa-da kadaly, bolmaly bir zatmy?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu tema bagyşlmagy makul bildi. Bellikleriňiz, pikirleriňiz bilen söhbete gatnaşmagyňyzy haýyş edýäris.
XS
SM
MD
LG