Sepleriň elýeterliligi

Halkara inspektorlary Eýrana bardy


Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň inspektorlarynyň topary Tährana bardy. Inspektorlar Eýranyň gapma-garşylykly ýadro programmasy boýunça geçen ýylyň noýabr aýynda Tähranyň we halkara jemgyýetçiliginiň arasynda gelnen ylalaşygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik ederler.

Massimo Araponyň ýolbaşçylygyndaky toparyň Eýranyň resmileri bilen duşuşmagyna we ylalaşygyň ýerine ýetirilmeginiň ugrunda ädilen ädimler barada Atom energiýasy boýunça halkara agentligine hasabat bermegine garaşylýar.

20-nji ýanwarda alty aý möhletli güýje girýän bu ylalaşyga laýyklykda, Eýran urany baýlaşdyrmakda 5% bilen çäklener we ýadro programmasy boýunça alyp barýan işleriniň ýene birnäçesini togtadar. Muňa derek Günbatar Eýrana garşy ykdysady sanksiýalary belli bir derejede gowşadar.

Ylalaşyk güýje girensoň alty aýynyň dowamynda Eýran we 5+1 atly toparyň agzalary bolan ABŞ, Britaniýa, Hytaý, Orsýet, Fransiýa we Germaniýa gepleşikleri dowam etdirerler.
XS
SM
MD
LG