Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Siriýanyň oppozisiýasy maslahatlaşýar


Siriýanyň oppozision toparlarynyň şenbe güni Türkiýede duşuşyp, Siriýa boýunça halkara konferensiýasyna gatnaşyp-gatnaşmazlyk barada maslahat geçirmegine garaşylýar. Anna güni geçiriljegi aýdylan bu duşuşygyň Siriýanyň milli koalisiýasynyň agzalarynyň arasyndaky ylalaşyksyzlyk sebäpli yza tesdirilendigi barada habar berildi.

Analitikler Milli koalisiýanyň gutarnykly karara nädip we haçan geljeginiň aýdyň däldigini aýdýarlar.

Siriýanyň gozgalaňçylarynyň we prezident Başar Al-Assadyň hökümetiniň arasyndaky parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň indiki hepdede Şweýsariýada başlanmagyna garaşylýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri anna güni Siriýanyň oppozisiýasyny urşy togtatmak ugrunda ilkinji göni gepleşikleri bolup biljek duşuşyga gatnaşmaga ündedi. Siriýada üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän uruş zerarly 100 000 golaý adam wepat boldy.
XS
SM
MD
LG